Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Iwanişwili Orsýete saparyny goýbolsun edýär


Gürjüstanyň täze premýer-ministri Bidzina Iwanişwili Orsýete saparyny goýbolsun etdi. Ol orsýetli resmiler bilen üçünji ýurtda duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Penşenbe güni eden çykyşynda Iwanişwili öz hökümetiniň Orsýet tarapyndan goldanylýan Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Ossetiýa separatist regionlaryna kontrollygy dikeltmek isleýändigini tassyklady.

Orsýet 2008-nji ýylda Gürjüstan-Orsýet uruşyndan soň bu iki territoriýany garaşsyz ýurt diýyp ykrar etdi.

Şeýle hem Iwanişwili şerap, mineral suw we Gürjüstanyň beýleki önümleriniň Orsýete eksportynyň dikeldilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Iwanişwili Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak barada ozalky çykyşlarynda hem nygtapdy. Ol öz ýurdunyň Günbatar bilen gatnaşyklaryna hem uly ähmiýet berýär.
XS
SM
MD
LG