Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl tarapyndan palestinliniň atylyp öldürilendigi habar berilýär


Medisina resmileriniň aýtmaklaryna görä, anna güni bir palestinli Ysraýylyň esgerleri tarapyndan Gaza şäheriniň serhediniň golaýynda atylyp öldürilipdir.

Bu wakany Ysraýylyň harby goşunynyň sözçüsi tassyklap bilmedi, ýöne palestin tarapynda “bidüzgünçilikleriň” ýüz berendigini aýtdy. Ýöne sözçi ysraýyl goşunynyň duýduryş okuny atandygyny aýtdy.

Gazanyň palestin tarapynyň medisina resmileri Ysraýylyň esgerleriniň ot açmagynyň netijesinde azyndan 10 sany ýetginjegiň ýaralanandygyny tassyklady.

Palestinliniň ölümi tassyklanan ýagdaýynda bu Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda atyşygy bes etmek baradaky ylalaşykdan soň ilkinji ölüm wakasy bolar.
XS
SM
MD
LG