Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Latifa: “Maşyn sürýänligimi eşidip, gudaçylykdan ýüz öwürdiler”


Kabulda bir gyza maşyn sürmek öwredilýär. Owganystan. 2012 ý.
Kabulda bir gyza maşyn sürmek öwredilýär. Owganystan. 2012 ý.
Aýal-gyzlaryň maşyn sürmegi dünýäniň beýleki ýurtlarynda adaty zat hasaplansa-da, bu ýagdaý Owganystanda, esasanam owganystanly türkmenleriň arasynda entek seýrek duş gelýär.

Diňe aýallar üçin däl, hatda gowşagrak erkek adamlar üçin hem maşyn sürmegiň kyndygy aýdylýan Owganystanyň köçelerinde, eýsem aýal-gyzlar maşyn sürende nähili kynçylyklara duş gelýärler? Olara halkyň garaýşy nähili?

Azatlyk Radiosy owganystanly türkmen zenanlarynyň arasynda maşyn sürüp başlan ilkinjilerden biri bolan 23 ýaşly Latifa Han bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Maşyn sürüp başlamagyňyza näme itergi berdi?

Latifa: Biz mundan 5 ýyl öň atamyň işi sebäpli Türkmenistana göçüp gidipdik, ol ýerde dört ýyl ýaşanymyzdan soňam, bir ýyl [mundan] öňem Owganystana göçüp geldik.

Türkmenistanda ýaşan wagtymda maşyn sürmäge gyzyklanyp başladym. Şondan soňam Türkmenistanda sürüjilik kurslaryna gatnadym, soňam maşyn sürmegi öwrendim, sürüjilik şahadatnamamy Türkmenistanda alypdym.

Azatlyk Radiosy: Maşyn sürmegi öwrenmegiňize ýa-da maşyn sürmek isleýändigiňizi ejeňize-kakaňyza aýdanyňyzda, olaryň muňa garaýşy nähili boldy?

Latifa: Ejem bilen kakam, bu barada aýdanymda, garşy çykmadylar, sebäbi meniň ejemem, kakamam gyzyň maşyn sürmegine garşy çykýan maşgala däl, gaýtam tersine, bu barada olara gürrüň edenimde, ikisem begenipdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň Owganystanda maşyn sürmegiňize halkyň garaýşy nähili?
Olar maşynlaryny saklaýarlar-da, gelip gapyny açjak bolýarlar, aýnany kakýarlar, her dürli zatlar diýýärler...
Latifa Han
Latifa: Owganystanda adamlaryň garaýşy, dogrymy aýtsam, gaty kyn, olar her dürli zatlar diýýärler, ýagny gyzam bir maşyn sürermi, ahyrzaman gelipdir, gyz maşyn sürüp başlapdyr, indi dünýäniň soňy gelipdir, şular ýaly birgiden zatlary diýýärler.

Bilýäňiz, Owganystanda entäk aýal-gyzlaryň maşyn sürmeg-ä beýle-de dursun, olaryň okamagyna, bilim almagyna, işlemegine-de entäk adamlar öwrenişip bilenok. Öňden hemme halkyň aňyna ornaşypdyr, gyz okamaly däl, işlemeli däl, maşyn daga asla sürmeli däl! Gyz diýeniň öýde oturmaly, haly dokamaly, öýüň işlerini etmeli – diýen düşünjeler bar. Şonuň üçinem halkyň garaýşy gaty pes.

Azatlyk Radiosy: Bir zenan hökmünde, Owganystanda maşyn süreniňizde nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýaňyz?

Latifa: Bu barada aýdanymda, her hili kynçylyklar bar, meselem, maşyn sürüp barýanyň gyzdygyny görseler, her dürli zatlar diýýärler, ýol bermejek bolýarlar, azar berýärler, ýoluňy kesýän wagtlaram bolýar, şuňa meňzeş birgiden zatlar bar.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy ýoluňy kesýän wagtlaram bolýar diýdiňiz, ýoluňyzy kesende näme edýärler?

Polisiýa-da gyzlaryň maşyn sürmegini geňirgeýär
Latifa Han
Latifa: Bu diýjek bolýanym, eýýäm men şeýle ýagdaýa 4-5 gezek duş geldim. Gyzdygyňy görýärler, eger maşynyň içinde-de erkek ýok bolsa, köplenç bir ýere gidenimde-de ejem ýa-da jigilerim bilen bile gidýän, şonda-da maşynda erkegiň ýokdugyny görýärler.

Ilkibaşda maşynyň gapdalyndan gelip, azar berýärler, her hili hereketler edýärler, soňam maşynlary bilen oňümizi kesýärler, maşynlaryny saklaýarlar-da, gelip gapyny açjak bolýarlar, aýnany kakýarlar, her dürli zatlar diýýärler, soň mobil telefonymy çykaryp polisiýa jaň etjek diýip görkezenimden soňam gidýäler.

Azatlyk Radiosy: Maşynyň gapysyny açjak bolýarlar diýdiňiz, maşynyňyzyň gapysyny açan ýagdaýlary boldumy?

Latifa: Ýok, entäk beýle ýagdaýa duş gelip görmedim. Men her gezeginde maşyna münemsoň maşynyň gapylaryny gulplaýan, şonuň üçin, Alla şükür, bu güne çenli beýle ýagdaýa düş gelmedim, gapysyny açyp bilenem bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siz şeýle ýagdaýlara duş geleniňizde polisiýa ýüz tutduňyzmy?

Latifa: Polisiýa hiç ýüz tutmadym. Sebäbi Owganystanda kanun bolsa-da, şol kanuny ýola goýýan ýa-da goýjak bolýan adamlar ýok. Soňam ýene bir zat bar: hatda polisiýalaram gyzlaryň maşyn sürmegini geňirgeýärler.

Bir saparynda men ýolda ýene, ýaňky aýdyşym ýaly, kyn bir ýagdaýa duş gelipdim, polsiýada maňa azar berilýändigini görüp durdy, menem elimi bulap, polisiýa maňa azar berýändiklerini görkezdim. Ýöne olar hiç zat etmediler, ýogsa polisiýa menden bir 10 metr ýaly uzaklykdady. Hemme zady gorübem, ýöne hiç zat etmedi.

Azatlyk Radiosy: Siz şeýle ýagdaýlara duş geleniňizden soň, indi maşyn sürmäýin diýen ýagdaýyňyz boldumy?

Latifa: Ýok, olar näçe şeýtse-de, men hiç haçan aýtmadymam, aýtmarynam. Dogry, köp kynçylyklara duş gelýäs. Umuman, Owganystanda gyz bolup, aýal bolup, ýaşamak kyn. Ýöne muny indi biz üýtgetmeli, adamlaryň pikirini üýtgetmeli, aýal-gyzlar okap, işläp, maşyn sürmeli, şolaryň gözlerini öwrenişdirmeli şeýle zatlara.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda-da, Owganystanda-da maşyn sürüp gördüňiz, ikisini deňeşdireniňizde, arasynda nähili tapawutlar bar?

Latifa: Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky tapawut, Türkmenistanda her kim kanuna uýýar, şol kanuna göra hereket edýärler. Türkmenistanda-da, başga ýurtlarda bolşy ýaly, ýol hereketi düzgünleri bar. Her kimem şol ýol düzgünlerine görä hereket edýär. Meselem, ýol bermeli ýerlerinde biri-birine ýol berýärler, her kimem şol kanuna uýýar.

Owganysatanda beýle däl. Owganystanda her kim öz kellesine görä hereket edýär. Kanun ýok, ýol berýän adam ýok. Soňam Türkmenistanda başga ýurtlarda bolşy ýaly swetofor bar. Her kimem şol swtofora görä hereket edýär. Owganystanda swetofor bar aslynda, bolsa-da swetofory köp ýerlerde işledenoklar, işletselerem her kim oňa uýanok, her kim öz kellesine görä hereket edýär.

Azatlyk Radiosy: Siz durmuşa çykmadyk ýaş gyz, maşyn sürýändigiňizi görüp, sizi ýadyrganlar boldumy?

Latifa: Biziň daş-töweregimizdäki garyndaşlarymyzyň düşünjeleri beýle zatlara garşy däl. Ýöne bir ýagdaýy aýtsam… öňräk bize daş ýerden sawçylyga gelipdiler, olaram meniň maşyn sürýänimi bilenden soň, guda bolmakdan çekindiler.

Ejem-kakam şonsuzam meni olara berjek bolanokdy, ýöne bu ýagdaý meniň size näme diýjek bolýanymy has anygrak düşündirýän bolsa gerek. Ýagny, her hili düşünjede adamlar bar, hemme adam deň bolup duranok-da.
XS
SM
MD
LG