Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Şaýylaryň dini çäresinde partlama amala aşyryldy


Şenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Dera Ismail Khan şäherinde amala aşyrylan güýçli partlamada azyndan ýedi adam ölüp, 20 töweregi adam ýaralandy.

Polisiýa resmileriniň maglumatyna görä, bu partlama ýerli şaýy musulmanlarynyň dini üýşmeleňi wagtynda amala aşyrylypdyr. Ölen ýedi adamdan dördüsiniň çagalardygy aýdylýar.

Resmileriň aýtmagyna görä, bu wakada pakistanly ýerli şaýy musulmanlary Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Husseýniň ölen gününiň ýyl dönümini belläp, ýörite dini çäre geçirýän eken.
XS
SM
MD
LG