Sepleriň elýeterliligi

Içalyçylykda aýyplanan orsýetli alym azatlyga goýberildi


Hytaýyň haýryna içalyçylyk edenlikde 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen orsýetli alym Walentin Danilow şenbe güni möhletinden öň tussaglykdan boşadyldy. Ol 14 ýyl türme möhletiniň 8 ýylyny tussaglykda geçirdi.

Orsýetiň Krasnoýarsk şäheriniň ýaşaýjysy, 66 ýaşly Walentin Danilow sputnik tehnologiýasyna degişli käbir maglumatlary Hytaýa satandygyny boýun alýar, emma ol bu işde hiç hili bikanun zadyň ýokdugyny aýdýar.

Azatlyga çykmagynyň yzy bilen žurnalistlere beren interwýusynda ol “gizlin maglumatlar” diýilýän maglumatlaryň jemgyýetçilige elýeterli maglumatlardygyny aýdyp, özüni syýasy tussag diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.

Walentin Danilow tussag edilmezinden öň Krasnoýarsk şäheriniň Döwlet uniwersitetinde işleýärdi.
XS
SM
MD
LG