Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýasser Arafatyň jesedi sişenbe güni guburdan çykarylar


Palestin resmileri Palestinanyň ozalky lideri Ýasser Arafatyň jesedinde radioaktiw elementleriň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak üçin onuň jesediniň şu geljek hepdäniň sişenbe güni guburdan çykaryljakdygyny mälim etdiler.

Palestinanyň hökümet resmisi Tawfik Tirawi Ýasser Arafatyň jesedinde şweýsariýaly, fransiýaly we orsýetli ekspertleriň barlag geçirjekdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu barlaglar bary-ýogy birnäçe sagat wagty alar.

Palestinanyň ozalky lideri Ýasser Arafat 2004-nji ýylyň noýabrynda saglyk ýagdaýynyň ur-tut ýaramazlaşmagy netijesinde aradan çykypdy.

Ýakynda şweýsariýaly alymlar onuň geýen soňky geýimlerinden radioaktiw elementiň galyndylarynyň tapylandygyny mälim etdiler. Palestinanyň resmileri onuň Ysraýyl tarapyndan zäherlenip öldürilendigini öňe sürýärler. Ysraýyl bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG