Sepleriň elýeterliligi

Mehiko şäherinde G.Aliýewiň ýadygärligi diskussiýa döredýär


Anna güni Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheriniň administrasiýasynyň ýörite komissiýasy Azerbaýjanyň ozalky awtoritar prezidenti Geýdar Aliýewiň bu şäherdäki ýadygärligini aýyrmak baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Geýdar Aliýewiň ýadygärligi Meksikanyň paýtagtynyň merkezi bulwarynda ýerleşýär. Şäher administrasiýasynyň ýörite komissiýasynyň agzasy Gabriel Guerra bu ýadygärligi şäheriň merkezinden başga ýere göçürmekligi teklip edýändiklerini aýtdy.

Azerbaýjan bu ýadygärligiň ýerleşýän ýeri bolan Çapultepek parkynyň durkuny täzelemek işi üçin millionlarça dollar harç edipdi.

Azerbaýjanyň hökümeti Geýdar Aliýewiň ýadygärliginiň Mehiko şäheriniň merkezinden aýrylmagynyň bu iki ýurduň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini aýdyp, duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG