Sepleriň elýeterliligi

Müsürde prezidentiň ygtyýarlyklaryna protest bildirilýär


Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky karara gol çekmeginiň yzy bilen, şenbe güni ýurduň dürli şäherlerinde protest demonstrasiýalary we bulagaýçylyklar ýüze çykdy.

Paýtagt Kairiň merkezinde polisiýa güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandylar.

Prezident Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky kararyna garşy protestler we bulagaýçylyklar anna güni Müsüriň Port Saýd, Sues we Aleksandriýa şäherlerinde-de ýüz berdi.

Aleksandriýa şäherinde protestçiler “Musulman doganlygy” partiýasynyň ofislerine hüjüm edip, ýykan-ýumrançylyklary döretdiler.

Reforma tarapdar güýçler prezident Mürsüni özüniň diktatura häkimiýetini döretmek we ýurdy geçmeşe dolap eltmek synanyşyklarynda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG