Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ-ny öz howa serhetlerini bozýanlykda aýyplaýar


Şenbe güni Eýranyň häkimiýetleri Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerini Pars aýlagynda we Oman deňziniň territoriýalarynda Eýranyň howa giňişliklerini bozýanlykda hem-de “bikanun we prowokasion” hereket edýänlikde aýyplady.

Eýranyň BMG-däki ilçisi Mohammad Khazai bu baradaky beýanatynda Birleşen Ştatlaryň harby uçarlarynyň oktýabr aýynda ýedi gezek we noýabryň başynda-da bir gezek Eýranyň howa serhetlerini bozandygyny öňe sürüpdir.

Mohammad Khazai BMG-niň Baş sekretaryna we Howpsuzlyk Geňeşine gönderen bu baradaky hatynda Birleşen Milletler Guramasyny Waşingtonyň “halkara kanunçylygyny bozýan hereketleriniň dowam etmegine garşy” duýduryş bermeklige çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG