Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Sudýalar prezidenti aýyplaýarlar


Anna we şenbe günleri paýtagt Kairiň merkezinde polisiýa güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandylar. Kair, 23-nji noýabr, 2012.

Anna we şenbe günleri paýtagt Kairiň merkezinde polisiýa güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandylar. Kair, 23-nji noýabr, 2012.

Şenbe güni Müsüriň Ýokary Adalat Geňeşiniň sudýalary prezident Muhammad Mürsüni sud häkimiýetiniň garaşsyzlygyna garşy “görlüp-eşidilmedik derejede hüjüm etmekde” aýypladylar.

Müsüriň administratiw işlerine we sudýalaryň bellenişine gözegçilik edýän Ýokary Adalat Geňeşi bu barada şenbe güni ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu wakanyň öňýany, 22-nji noýabrda prezident Muhammad Mürsi öz ygtyýarlyklaryny artdyryjy karara gol çekipdi.

Sudýalary alada goýýan ýagdaýlar

Prezidentiň bu soňky ädimine protest bildirip, Aleksandriýa we Beheýra prowinsiýalarynyň sudýalary iş taşlaýyşlyk yglan etdiler.

Sudýalar prezidentiň gol çeken bu permanynyň häkimiýetiň şahalarynyň bölünişigi baradaky prinsipi bozýandygyny öňe sürýärler we bu permanyň güýji ýatyrylýança, öz işlerine gaýdyp barmajakdyklaryny aýdýarlar.

Muhammad Mürsi prezident köşgüniň öňüne ýygnanan öz tarapdarlaryna ýüzlenýär. Kair, 23-nji noýabr, 2012.

Muhammad Mürsi prezident köşgüniň öňüne ýygnanan öz tarapdarlaryna ýüzlenýär. Kair, 23-nji noýabr, 2012.

Prezidentiň gol çeken permany Müsüriň täze konstitusiýasyny işläp düzmek bilen meşgullanýan Konstitusion Geňeşiň islendik bir sud tarapyndan ýatyrylyp bilinmegine ýol bermeýär.

Mundan daşary, bu perman ýurtda täze parlament saýlawlary geçirilýänçä prezidentiň gol çeken kararlaryna we täze kanunlaryna suduň üsti bilen garşy çykylmagyny-da gadagan edýär.

Muhammad Mürsi Müsüriň baş prokuroryny bellemek ygtyýarlygyny-da öz eline alyp, ýurduň häzirki baş prokuroryny wezipesinden boşatdy.

Prezident delillendirýär, emma...

Prezidentiň özi we onuň tarapdarlary bu soňky çäreleri geçen ýylky rewolýusiýanyň gazananlaryny ýurduň ozalky awtoritar lideri Hosni Mübäregiň tarapdarlaryndan “goramak” maksady bilen delillendirýärler.

Anna güni prezident köşgüniň öňüne ýygnanan öz tarapdarlaryna ýüzlenip, prezident Mürsi şeýle diýdi: “Rewolýusiýa amala aşdy, emma ol entekler togtamaz. Sud häkimiýeti we onuň wekilleri hormata mynasypdyr. Emma bu institutyň arkasynda gizlenmek isleýänleri men gözden sypdyrmaryn”.

Prezident Muhammad Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky karara gol çekmeginiň yzy bilen, anna we şenbe günleri ýurduň dürli şäherlerinde protest demonstrasiýalary we bulagaýçylyklar ýüze çykdy.

Anna we şenbe güni paýtagt Kairiň merkezinde polisiýa güýçleri protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandylar.

Prezident Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky bu kararyna garşy protestler we bulagaýçylyklar anna güni Müsüriň Port Saýd, Sues we Aleksandriýa şäherlerinde-de ýüz berdi.

Aleksandriýa şäherinde protestçiler “Musulman doganlygy” partiýasynyň ofislerine hüjüm edip, ýykan-ýumrançylyklary döretdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG