Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Erkek mugallymlar ýetmezçilik edýär


Täjigistanyň Bilim ministrligi mekdeplerde erkek mugallymlaryň örän ýetmeýändigini aýdýar.

Täjigistanyň Bilim ministrligi mekdeplerde erkek mugallymlaryň örän ýetmeýändigini aýdýar.

Sydyk Abdulloýewiň Täjigistanyň Gorgandepe şäherindäki mekdebe işe alnaly bäri aradan bir ýyl hem geçenok. Emma 24 ýaşly mugallym häzirki wagt kärini taşlap, gurluşykda ýa-da kartoşka meýdanlarynda işlemek üçin Orsýete gidip barýar. Sebäbi näme?

Sydyk Abdulloýew muny täjik mekdeplerinde tölenýän aýlyklaryň juda azlygy bilen düşündirýär: “Mugallymyň aýlygy ýaşaýşyň bahalaryna laýyk gelmeýär. Mysal üçin, penjek bilen balagyň bahasy 800 somoni (takmynan 170 dollar), meniň aýlygym bolsa 500 somoni (105 dollar töweregi). Nädip baş çykarmaly: egin-eşik almalymy ýa-da azyk-iýmit?!”

Aýlyklaryň pes bolmagy Abdulloýew ýaly müňlerçe erkek mugallymlaryň işlerini taşlap, başga ýerlerde gowurak girdeji gözlemeklerine getirdi. Ýurduň Bilim ministrligi mekdeplerde erkek mugallymlaryň örän ýetmeýändigini aýdýar.

Çykalga gözlenilýär

Bir resminiň aýtmagyna görä, erkek mugallymlar aýal kärdeşleri bilen deňeşdirilende okuwçylaryň öňünde özlerini has ynamly we ygtybarly alyp barýarlar. Mekdeplerden gidýän mugallymlaryň sanyny azaltmak maksady bilen Bilim ministrligi mugallymçylygyň erkekler üçin geljekde has gyzykly iş bolmagy üçin täze bir kanuny teklip etdi.

Ýaş mugallymlara, erkek mugallymlara-da, aýal mugallymlara-da ýeňillikleri hödürleýän bu kanun taslamasy häzirki wagtda parlamentiň makullamagyna garaşýar. Saglygy mugt bejertmek, pul baýraklary, arzanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlardan başga-da, bu täze kanun erkekleri hökmany harby gullukdan hem boşadýar.

Ruhullo Juraboýew: “Biziň mekdebimizde 100 mugallymdan diňe ýedisi erkek kişi”.

Ruhullo Juraboýew: “Biziň mekdebimizde 100 mugallymdan diňe ýedisi erkek kişi”.

Ýaşaýyş şertleriniň erbetligi, kadasyz iýmitleniş, şeýle hem gorkuzmalaryň giňden ýaýranlygy sebäpli ýaşlar täjik armiýasyndaky iki ýyllyk gullukdan nädip bolsa-da boýun gaçyrmaga çalyşýarlar.

Kanun çykaryjy Marhabo Jabborowanyň aýtmagyna görä resmiler beriljek ýeňillikler bilen birlikde olaryň hökmany harby gullukdan boşadylmagy erkek mugallymlaryň mekdeplere dolanmagyna itergi berer diýip umyt edilýändigini aýdýar: “Elbetde (bu ýeňillikler) ýaş erkekleriň mekdeplerde işlemäge ünsüni çeker. Häzirki döwürde saglyk we bilim sistemasynyň işgärleriniň köpüsi zenanlar. Kanun taslamasy ýaş erkek mugallymlary goldamak üçin niýetlenen”.

Problema diňe bu hem däl

Täjigistanda ekekleriň ýetmezçiligi diňe mekdeplerde däl. Bir milliondan hem gowrak ýa-da täjik ilatynyň her ýedinji raýaty bu ýurtda işleriň ýetmezçiligi zerarly Orsýetde zähmet migranty bolup işleýär. Ol erkekleriň aglabasy 18-60 ýaş aralygynda.

Käbir migrantlar gyş aýlary öýlerine dolansalar, beýlekileri her iki-üç ýylda bir gezek maşgalasyny görýärler. Köp çagalar kakasyny görmän ulalýarlar. Bahar möwsüminiň başyndan tä ýazyň ahyryna çenli ýaşululardan we ýetginjek oglanlardan başga bazarlarda, fermalarda, köçelerde erkek ýok diýen ýaly.

Täjigistandaky oba ýaşaýjylarynyň arasynda ýylyň bu aýlary migrasiýanyň iň gyzgalaňly wagty diýip bilinýär. Mekdep müdiri Ruhullo Juraboýew: “Maşgalalarda erkekleriň azlyk edýänligi üçin bize mekdeplerde görelde hökmünde erkek mugallymlar gerek” diýip, gürrüň berýär.

Weteran mugallymyň aýtmagyna görä, erkekleriň birnäçe ýyllap öýde bolmaýan halatynda ýetginjek oglanlar üçin mekdeplerde erkek mugallymlaryň bolmagy has hem zerur.

Juraboýew paýtagt Duşenbäniň günbatarynda ýerleşýän Garadag obasyndaky mekdebiň müdiri. Onuň aýtmagyna görä, onuň mekdebinde 100 mugallymdan diňe ýedisi erkek. Şol erkek mugallymlaryň dördüsi uniwersiteti ýakynda gutarypdyrlar.

Mekdep müdiri olary geçen ýyl goňşy obadan çagyrypdyr. Juraboýew olara mekdebiň töläp biljek iň ýokary aýlygyny, şeýle hem Garadag obasyndan her bäş günden öýlerine gidip-gelmek üçin transport çykdajylaryny tölemegi hödürländigini aýdýar.

Ortaça 50 dollar aýlyk

Mekdep müdiri bilim ulgamynda işleýänleriň ortaça aýlygynyň 50 amerikan dollardygy we onuň nädeňde-de ýaşaýyş üçin ýeterlik däldigi baradaky giňden ýaýran gürrüňlere goşulýar. Ýöne Juraboýewiň pikiriçe, “Bu aýallar üçin biraz tapawutly, sebäbi täjik maşgalalarynda, adatça, erkeklere ekleýjiler hökmünde garalýar”.

Resmileriň aýtmagyna görä, mugallymlaryň sany tutuş ýurt boýunça jemi 95 000 töweregi bolup, olaryň 60%-i zenan mugallymlardyr. Emma hakykatda bu diňe kagyz ýüzündäki san, esasanam erkek mugallymlaryň Orsýete möwsümlik işlere giden döwri mekdepler olaryň okuw ýylynyň köp wagtynda mekdebe gelmezligine göz ýumýarlar. Erkek mugallymlar diňe gyş aýlarynda mekdebe barsalar-da, olara tutuş ýylyň aýlygy tölenýär.

Bilim ministrliginde mekdepler baradaky departamente gözegçilik edýän Abdusamad Mulloýew mekdeplere erkek mugallymlary çekmek baradaky bu tagallanyň aýal mugallymlaryň roluny asla peseltmek däldigini aýdýar.

Ol: “Tutuş bilim sistemasyny aýallaryň boýnuna goýmak adalatly däl. Aýallaryň hoşgylawlygyna hormat goýmak bilen, mekdepler erkekleriň berip biljek tertip-düzgünine hem mätäç” diýip belleýär.

Gorgandepe şäherinde ýaş mugallym Abdulloýew goşlaryny toplaýar. Hökümetiň wada beren ýeňillikleri onuň pikirini üýtgedenok: “Hawa, men mugt dermanlary we mellek alyp bilerin, emma men ujypsyz aýlygym bilen ylalaşmagy dowam etdirmeli bolaryn. Ýok, sag boluň!”
XS
SM
MD
LG