Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkiýäniň NATO eden ýüzlenmesine reaksiýa bildirdi


Ýekşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligi Türkiýäniň Siriýa bilen serhet ýakalarynda NATO-nyň howa goranyş sistemasynyň ýerleşdirilmeginiň Siriýadaky ýagdaýy has-da dartgynlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Bu barada ýekşenbe güni ISNA habar agentligine beren interwýusynda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast beýle çäräniň “Siriýadaky ýagdaýlara diňe bir çözgüt bermezlik bilen hem çäklenmän, eýsem ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrjakdygyny” nygtady.

Geçen hepde Türkiýe Siriýa bilen öz serhetýaka regionlarynyň howpsuzlygyny berkitmek üçin NATO-dan “Patriot” kysymly howa goranyş sistemasyny öz serhet ýakalaryna ýerleşdirmekligi haýyş etdi. Bu sistema harby uçarlaryň we raketalaryň hüjümleriniň öňüni almaklyk üçin niýetlenen.
XS
SM
MD
LG