Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

25-nji noýabr wakasy – on ýyl nämälimlik


“Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän wakada aýyplanyp tussag edilen käbir adamlaryň ykbalyndan henizem habar-hatyr ýok.
“Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän wakada aýyplanyp tussag edilen käbir adamlaryň ykbalyndan henizem habar-hatyr ýok.
25-nji noýabrda “Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän wakanyň bolanyna dogry 10 ýyl boldy.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda raýatlaryň bir toparynyň ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowy häkimiýetden çetleşdirmek synanyşygyny amala aşyrandygy barada maglumat peýda bolupdy.

Şonda Nyýazowyň janyna kast etmeklige we döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmaklyga synanyşanlykda aýyplanyp onlarça adam, şol sanda ýurduň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow hem tussag edilipdi.

Bu wakanyň yzy bilen bu tussag edilenleriň dogan-garyndaşlary-da häkimiýetler tarapyndan berk basyşlara we ýanamalara sezewar edilipdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy köp guramalar “Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän wakada aýyplanyp tussag edilen käbir raýatlaryň ykbaly barada henizem hiç hili anyk maglumatyň berilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy yzygiderli tankytlap gelýärler.

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligi şu tema bagyşlanyldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG