Sepleriň elýeterliligi

Kabulda üç uniwersitet ýapyldy


Owganystanly şaýy musulmanlary Kabulda Aşura dessuryny berjaý edip,öz-özlerini zynjyr bilen urýarlar.

Owganystanly şaýy musulmanlary Kabulda Aşura dessuryny berjaý edip,öz-özlerini zynjyr bilen urýarlar.

Kabulda ýüz beren dini-etniki çaknyşyklaryň yzy bilen, ýekşenbe güni ýurduň häkimiýetleri Kabuldaky esasy döwlet uniwersitetlerinden üçüsini wagtlaýynça ýapdylar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Sedik Sedikki ýekşenbe güni bu uniwersitetleriň “ätiýaçlyk çäreleri” görnüşinde ýurduň Ýokary bilim baradaky ministrligi tarapyndan 10 günlük möhlet bilen ýapylandygyny mälim etdi.

Şenbe güni Kabulda ýerli şaýy studentleriniň Aşura dini dessuryny belleýän wagty sünni mezhebine degişli studentleriň bir topary olara garşy hüjüm etdiler.

Studentleriň daş we taýak ulanyp birek-birege eden hüjümlerinde azyndan bir studentiň ölüp, 28 studentiň ýaralanandygy habar berilýär.

Ölenleriň köpdügi aýdylýar

Kabul uniwersitetiniň studenti, şaýy musulmany Ali Akbar bu çaknyşykda özi bilen bile okaýan iki sany şaýy studentiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň penjiresinden zyňlyp, öldürilendigini aýtdy.

“Çaknyşyklar şaýylar bilen sünnileriň arasynda başlady. Sünniler hüjüm edenlerinde, biziň şaýy doganlarymyzdan käbirleri umumy ýaşaýyş jaýynyň içindediler. Olar şaýy doganlarymyzdan ikisini dördünji gatdan itekläp, aşak zyňdylar we olaryň ikisem şonda şehit boldy” diýip, Ali Akbar gürrüň berdi.

Maglumata görä, esasy hüjümler uniwersitetiň umymy ýaşaýyş jaýyna gönükdirilipdir. Bu umumy ýaşaýyş jaýynda esasan uzak welaýatlardan gelen studentleriň ýaşaýandyklary aýdylýar.

Bu wakanyň yzy bilen şaýy we sünni mezheplerinden bolan syýasy liderler hüjümlerden saklanmaklyga çagyryş etdiler.

Mezhepleriň dawasy

Owganystanda dini azlyk hasaplanylýan şaýy mezhebiniň wekilleri 2001-nji ýylda talybanlaryň häkimiýet başyndan gitmekleri netijesinde belli bir erkinligi eýe bolupdylar.

Ýöne şaýylaryň her ýyl belläp geçýän Aşura dessury köplenç sünni konserwatorlarynyň gazaply hüjümlerine sebäp bolup gelýär.

Bu dini dessurda şaýy musulmanlary Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Husseýniň ölüminiň ýyl dönümine gabatlap matam çäresini geçirýärler. Onda köp dindarlar öz-özlerini demir zynjyr bilen urmak arkaly, öz gynançlaryny beýan edýärler.

Geçen ýyl şu Aşura dessury wagtynda şaýylaryň Kabuldaky zyýarat merkezinde amala aşyrylan partlamada azyndan 55 adam ölüp, 150 töweregi adam ýaralanypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG