Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen arhitektorlaryna halkara baýragy berildi


Arhitektorlar bileleşiginiň halkara assosiasiýasynyň ozalky we häzirki prezidentleri Ata Kurbanliýew (çepde) we Mkrtyç Minasýan (sagda)
Arhitektorlar bileleşiginiň halkara assosiasiýasynyň ozalky we häzirki prezidentleri Ata Kurbanliýew (çepde) we Mkrtyç Minasýan (sagda)

Ýakyn günlerde Düýbi Moskwada ýerleşýän Arhitektorlar bileleşikleriniň halkara assosiasiýasy ýylky konkursynyň netijelerini yglan etdi. Konkurs oktýabr aýynyň başynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirildi. 1992-nji ýyldan bäri ýylda geçirilýän konkursyň şu ýylky ýeňijileriniň arasynda türkmen arhitektorlary bar. Türkmen arhitektorlarynyň işine nähili baha berildi? Azatlyk Radiosy Arhitektorlar bileleşikleriniň halkara assosiasiýasynyň wekili Ýewgeniý Kolesow bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi kärdeşim Gözel geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Arhitektura boýunça bu konkursyň netijesinde nähili sylaglar berildi? Türkmen arhitektorlaryna nähili baýraklar berildi?

Ýewgeniý Kolesow: Iň gowy proýekt we iň gowy gurulan obýekt boýunça baýrak berildu. Iň ýokary gran-pri sylagyna şu ýyl orsyýetli iki topar we gürjüstanly arhitektorlar topary eýe boldular. Türkmen arhitektorlaryna 1-nji derejeli diplom berildi. Olar Türkmenistanyň Nebit-gaz döwlet institutynyň binalar toplumyny proýektirläp gurdular. Gurulan bu binalar iki ýyl mundan ozalky konkursda proýekt hökmünde gran-pri altyn medala eýe bolupdy. Indi ol durmuşa geçirilen obýekt hökmünde sylag aldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenlere ýene bir sylagyň berilendigi aýdylypdy,bu barada gürrüň berseňiz?

Ýewgeniý Kolesow: Konkursyň çäginde Türkmenistanyň Behistan zapowedniginde ýerleşýän Maşat-ata metjidini dikedýän restawratorlaryň işi-de sylaglandy.

Azatlyk Radiosy: Baha berlende haýsy kriteriýalardan ugur alyndy?

Ýewgeniý Kolesow: Halkara assosiasiýasyna agza bolan Arhitektorlaryň milli bileleşikleriniň başlyklaryndan düzülen žýuri tarapyndan baha berildi. Işlere professional nukday nazardan, olaryň gyzyklydygy we töwerek-daşa arhitektura hem ekologiýa taýdan utgaşýandygy nukdaý nazardan baha berilýär. Emma konkursa hödürlenýän işler başda her bir ýurduň milli arhitektorlar bileleşikleri tarapyndan saýlanýar.

Azatlyk Radiosy: Konkursyň geçirilip başlanyna şu ýyl 20 ýylyň dolanlygy habar berildi, ýubileý duşuşygy näme üçin Ýerewanda geçirildi?

Ýewgeniý Kolesow: Sebäbi halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçylary ýylda üýtgäp durýar. Şu ýyl Ermenistanyň arhitektorlar bileleşiginiň ýolbaşçysy assosiasiýa baştutan saýlandy we duşuşyk Ýerewanda geçdi.

Azatlyk Radiosy: Arhitektorlar bileleşiginiň halkara assosiasiýasyna türkmenler baştutanlyk etdimi?

Ýewgeniý Kolesow: Hawa, Türkmenistanyň arhitektorlar bileleşiginiň baştutany öz ygtyýarlyklaryny şu ýyl tabşyrdy. Ata Gurbanlyýew Assosiasiýa geçen ýylda baştutanlyk edipdi. Ol Assosiasiýa döredileli bäri oňa iki gezek baştutan boldy. Onuň döredijilik işleri konkurslarda iki gezek tylla meda eýe boldy. Iki ýyl mundan ozal onuň Nebit-gaz institutynyň binalar toplumy proýekt hökmünde altyn medala eýe bolupdy. Gurbanlyýew ony öz ogly we beýleki arhitektorlar topary bilen doreden proýekti.

Azatlyk Radiosy: Türkmen arhitektorlary konklurslarda köp üstünlik gazanýarmy?

Ýewgeniý Kolesow: Soňky ýyllarda her bir konkursda diýen ýaly.

Azatlyk Radiosy: Bu konkurslarda gazanylan üstünlikler arhitektorlara näme berýär?

Ýewgeniý Kolesow: Bu sylaglar arhitektoryň işiniň halkara deresinde, ençeme ýurduň milli arhitektorlar bileleşikleri tarapyndan ykrar edilýändigini aňladýar, şeýle-de yurduň daşynda tanalmagyna ýol açýar. Arhitektoryň abraýy artýar. Şeýle-de diplomlar, geljekde at gazanan arhitektor, diýen adyny almak üçin hem gerek bolýar.



XS
SM
MD
LG