Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň Host şäheriniň bazarynda bomba partladyldy


Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Host şäheriniň bazarynda bomba partladyldy. Partlamada azyndan 19 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýerli resmileriň aýtmaklaryna görä, bazarda partladylan bomba welosipetde ýerleşdirilipdir. Ýaralananlaryň ählisiniň parahat ilatdandygy aýdylýar.

Häzirlikçe partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG