Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde dartgynlylyk güýçlenýär


Kairiň Tahrir meýdançasynda protestçileriň polisiýa bilen çaknyşygy, 25-nji noýabr, 2012.
Kairiň Tahrir meýdançasynda protestçileriň polisiýa bilen çaknyşygy, 25-nji noýabr, 2012.

Müsüriň Musulman doganlygy atly topary prezident Muhammad Morsiniň garşydaşlary bilen çaknyşyklarda özüniň bir agzasynyň heläk bolandygyny tassyklady.

Onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan bu çaknyşyklar hepdäniň ýekşenbe güni Musulman doganlygynyň Damanhur şäherindäki edarasynyň golaýynda boldy.

Habar berlişine görä, Musulman doganlygynyň 15 ýaşly agzasy protestçileriň edara hüjüm etmeginiň netijesinde öldürilipdir.

Bu, geçen hepdede Musulman doganlygynyň öňki lideri prezident Muhammad Morsi özüne giň ygtyýarlyk berýän konstitusion deklarasyýany çykaraly bäri ilkinji heläkçilik boldy.

Konstitusion deklarasiýa

Şeýle-de deklarasiýa täze Konstitusiýanyň üstünde işleýän esasan yslamçylardan düzülen toparyň sudýalar tarapyndan dargadylmagyny gadagan edýär.

Reformalaryň tarapdarlary prezidenti diktatorçylykda aýypladylar we munuň demokratiýa tarap ädilýän ädimlere wehim salýandygyny aýtdylar.

Duşenbe güni Morsi deklarasiýany ýatyrmak barada özüne ýüz tutan baş sudýalar bilen duşuşmaly.

Ýekşenbe güni Baş adalat geňeşi Morsiniň deklarasiýasynyň diňe daşary işler we milli howpsuzlyk ýaly meselelere degişli bolmalydygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni Morsiniň edarasy prezidentiň çykaran permanynyň wagtlaýyn çäredigini aýtdy we onuň täze parlament saýlanansoň ýatyryljagyny wada berdi. Emma saýlawlaryň indiki bahardan öň geçirilmegi planlaşdyrylmaýar.

Umumy pozisiýa

Şeýle-de prezidentiň administrasiýasy Morsiniň ýurduň syýasy toparlary bilen dialog geçirip geljekki ädimler boýunça “umumy pozisiýany” işläp düzmekçidigini yglan etdi.

Emma oppozisiýanyň liderleri, şol sanda Nobel baýragynyň parahatçylyk boýunça laureaty Muhammet Elbaradeý deklarasiýa ýatyrylmasa dialogyň bolup bilmejegini duýdurdy.

Deklarasiýa çykarylansoň ýurtda başlanan protestlerde ýüzlerçe adamyň ýaralanandygy habar berildi. Ýekşenbe güni Müsüriň maliýe bazary 10% pese duşdi.

XS
SM
MD
LG