Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Äşton Gürjüstana, Merkezi Aziýa sapara başlaýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Äşton Gürjüstana we Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapara başlaýar.

Duşenbe güni ol Gürjüstana barýar, soňra sişenbe güni Gyrgyzystana, çarşenbe güni Özbegistana, penşenbe güni Täjigistana, anna güni bolsa Gazagystana barar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Äşton Gürjüstanda oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň emele gelen ýagdaý bilen baglylykda ähli taraplary ýakynlaşmaga çagyryş etmekligi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

ÝB-niň Merkezi Aziýa strategiýasynyň çäginde Äşton “raýat jemgyýetçiligine we bu ýurtlaryň ykdysady taýdan öňe gitmegine goldaw bermekligi” maksat edinýär.

Bu Ketrin Äştonyň Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili hökmünde Merkezi Azia ilkinji saparydyr.

“Human Rights Watch” halkara guramasy hukuk goraýjylar bilen duşuşmagyny we bigüna türmä basylan aktiwistleriň azatlyga goýberilmegine köpçülikleýin çagyryş etmegini sorap, Äştona ýüzlendi.
XS
SM
MD
LG