Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda hasyl baýramy bellendi


Ýekşenbe güni Türkmenistanda hasyl baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, hasyl baýramynyň esasy şagalaňy Aşgabat şäheriniň aýlawunda geçipdir. Baýramçylyk mynasybetli açyk meýdanda oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi gurnalypdyr.

Baýramçylygyň çäginde agrosenagatyň öňde baryjy işgärlerine baýrak gowşuryş dabarasynyň hem gurnalandygy habar berilýär.

Adat boýunça hasyl baýramy Türkmenistanda noýabr aýynyň soňky ýekşenbe gününde milli baýram hökmünde bellenilýär.
XS
SM
MD
LG