Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýylyň goranmak ministri syýasatdan çekilýär


Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak syýasatdan çekilýändigini duşenbe güni garaşylmadyk ýagdaýda yglan etdi.

Ol Ysraýylyň goranmak ministri wezipesinde ýanwar aýyndaky saýlawlara çenli galýandygyny mälim etdi.

Bu beýanatdan öň, geçen hepdede Ysraýyl bilen Palestin söweşijileriniň arasynda Gazada sekiz gün dowam eden atyşyklar bes edilipdi.

Duşenbe güni Iýerusalimde geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda 70 ýaşly harby weterany we syýasatçy Ehud Barak wagtyny maşgalasy bilen geçirmek isleýändigini aýtdy.

Ehud Barak 2007-nji ýyldan bäri Ysraýylyň goranmak ministri wezipesinde işledi. 1999-2001-nji ýyllar aralygynda bolsa ol premýer-ministr wezipesini eýeledi.
XS
SM
MD
LG