Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Klimatyň özgermegi baradaky BMG-niň maslahaty geçirilýär


Klimatyň özgermegi baradaky BMG-niň ýyllyk maslahaty Kataryň Doha şäherinde açyldy. Bu foruma 200 töweregi ýurduň wekilleri gatnaşýar.

Forumda global derejede klimatyň özgermegine täsir edýän kömürturşy gazynyň ýaýramagyny çäklendirýän kanunyň möhletini uzaltmak we onuň deregine täze kanuny işläp düzmek barada maslahat ediler.

Klimatyň özgermegine täsir edýän kömürturşy gazynyň ýaýramagyny çäklendirýän Kioto protokoly ýeke-täk halkara ylalaşygy bolup, onuň möhleti şu ýylyň ahyrynda tamamlanýar.

Günorta Afrikanyň daşary işler ministri, klimatyň özgermegi boýunça BMG-niň konferensiýasynyň häzirki prezidenti Maite Nkoana-Maşabane duşenbe güni forumyň açylyşynda eden çykyşynda “geljek nesliň global betbagtçylygynyň öňüni almak üçin” gyssagly hereketiň zerurdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG