Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bitaraplyk güni: Aşgabadyň stadionlarynda uly şowhuna garaşylmaýar


Aşgabatdaky "Olimpiýa" stadiony

Aşgabatdaky "Olimpiýa" stadiony

Bitaraplyk baýramy mynasybetli ýurduň sungat we medeniýet işgärleriniň her ýyl ”Olimpiýa” ýa-da “Aşgabat” stadionynda geçirilýän teatrlaşdyrylan baýramçylyk dabarasynyň şu ýyl ýatyrylýandygy aýdylýar.

Bu barada henize çenli resmi taýdan takyk habar berilmedi. Emma dekabr aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan çäreleriň arasynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli agzalýan stadionlarda haýsydyr bir çäräniň geçiriljekdigi hakda maglumat ýok.

Beýleki uly baýramçylyklarda bolşy ýaly, her ýyl Bitaraplyk güni baýramçylygynyň esasy dabarasy Aşgabatda ýerleşýän “Olimpiýa” stadionynda geçirilýärdi. “Olimpiýa” stadionynyň golaýynda “Olimpiýa” şäherjiginiň gurluşygynyň alnyp barylýandygy sebäpli, soňky döwürlerde uly baýramçylyk çäreleri “Aşgabat” stadionynda geçirilip başlandy.

"Marşirowkalar" ýatyryldy

Soňky günlerde “Aşgabat” stadionynda Bitaraplyk güni baýramçylyk çäresine görülýän haýsydyr bir taýyarlyk hem göze ilmeýär. Ýogsam, bu çärä taýýarlyk “marşirowkalaryna” gatnaşýan ýokary okuw jaýlarynyň studentlerini ýaňy-ýakynam paýtagtyň köçelerinde görmek bolýardy.

Ýurduň merkezi gazetlerinde 12-nji dekabrda haýsy-da bolsa bir baýramçylyk çäre görkezilmändir.

Ýurduň merkezi gazetlerinde 12-nji dekabrda haýsy-da bolsa bir baýramçylyk çäre görkezilmändir.

Adynyň agzalmagyny islemedik ýokary okuw jaýlarynyň biriniň mugallymynyň aýtmagyna görä, studentleriň gatnaşmagynda geçirilýän “marşirowkalar” hem ýatyrylypdyr.

26-njy noýabrda ýurduň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetlerinde çap edilen dekabr aýynda geçiriljek köpçülikleýin çäreleriň sanawynda 12-nji dekabrda haýsy-da bolsa bir baýramçylyk çäre görkezilmändir.

Diňe 11-nji dekabrda geçirilmeli dabaralaryň arasynda Bitaraplyk gününe bagyşlanan iki çäre göze ilýär. Olardan biri Maslahat köşgünde agşam sagat 17-de geçirilmeli konsert. Beýlekisi bolsa şol gün sagat 19-da beriljek resmi baýramçylyk nahary.

1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde Türkmenistana BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite karary bilen bitarap ýurt diýilen statusyň berilmeginden bäri 12-nji dekabr ýurtda iň uly baýramçylyklardan biri hökmünde bellenilip gelinýär.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow Bitaraplyk gününi garaşsyzlyk gününden soňra ikinji uly baýramçylyk diýip yglan edipdi. Şeýle-de onuň döwründe her ýyl 12-nji dekabrda Aşgabatda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda uly teatrlaşdyrylan çäre, tutuş ýurt boýunça uly ýygnaklar, konsertdir beýleki toý dabaralary gurnalýardy.

"Begendirdi..."

Bu ýyl bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli Aşgabat stadionynda geçirilýän köpçülikleýin çäräniň geçirilmeýändiginiň sebäpleri barada halk köpçüligine takyk maglumat berilmese-de, çäräniň stadionda geçirilmejegi baradaky gürrüň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenistanlylary begendirýär.

“Aşgabatda merkezi stadionlarda geçirilýän köpçülikleýin çärelere, adatça, bir aý öňünden taýýarlyk görlüp başlanýardy. Döwlet işgärlerini, okuwçylary we studentleri işden, okuwdan alyp galýardylar. Bu çärede çykyş edýän hem-de oňa tomaşa etmäge mejbur edilip äkidilýän adamlaryň sany gaty köpdi” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäri aýdýar.

Şu ýyl bitaraplyk baýramy mynasybetli “Aşgabat” stadionynda geçirilmegine garaşylýan iň uly köpçülikleýin çäräniň ýatyrylmagyny soňky döwürde ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň sanynyň azaldylmagy bilen baglanyşdyrýan synçylar hem bar.

Umuman aýdylanda, tutuş ýurt boýunça her aýda 100-e golaý çäre geçirilýär. Olaryň sanawy gazetlerde öňünden çap edilýär. Meselem, şu ýylyň aprel, maý aýlarynda her aýda 100-e golaý çäre geçirilen bolsa, iýul we awgust aýlarynda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň sany 50-ä golaý bolupdy. Noýabr aýynda bolsa ýurduň merkezi gazetlerinde 30 sany köpçülikleýin çäräniň sanawy çap edildi.

26-njy noýabrda ýurduň merkezi gazetlerinde çap edilen dekabr aýynda geçiriljek köpçülikleýin çäreleriň sanawynda her ýyl 21-nji dekabrda bellenýän Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň ýatlama güni hem agzalmandyr. Ýogsam, geçen ýyl bu çäre sanawa goşulypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG