Sepleriň elýeterliligi

6 ýaşly çagalaryň mekdebe çagyryljakdygy aýdylýar


Resmi maglumatlara görä, her ýyl ýurduň orta mekdeplerine 100 müň töwerek okuwçy kabul edilýär.

Resmi maglumatlara görä, her ýyl ýurduň orta mekdeplerine 100 müň töwerek okuwçy kabul edilýär.

Aşgabadyň çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň aýtmaklaryna görä, häzir çagalar baglarynda terbiýelenýän indiki ýyl 6 ýaşy dolýan çagalary Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň işgärleri sanawa alýarlar.

“Şu hepdäniň başynda GORONO-dan komissiýa gelip, olaryň resminamalaryny alyp gitdi. Indiki ýyl çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlyk toparlarynda çagalar bolmaz. Olar mekdebe okuwa giderler” diýip, Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda ýerleşýän çagalar bagynyň terbiýeçisi aýtdy.

Şu ýylyň 16-njy awgustynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti ýurtdaky orta mekdeplerde okuwyň möhletini 11-12 ýyla çenli uzaltmak barada ilkinji gezek teklip edipdi.

Häzirki 6 ýaşyndaky çagalaryň bilim edarasy tarapyndan sanawa alynmagy hem ýurtbaştutanynyň şol teklibi bilen baglydygyny efirde adynyň tutulmagyny islemedik bilim işgäri aýdýar. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, şol bir wagtda hem orta mekdepleriň okuw möhleti uzaldylyp, onuň 11 ýa-da 12 ýyl boljakdygy entäk nämälim.

“Häzir bu barada entäk belli bir takyklyk ýok. Orta mekdepleriniň okuw möhletiniň uzaldylýandygy barada heniz resmi yglan edilmedik hem bolsa, indiki ýyl 6 ýaşan çagalar orta mekdeplere kabul edilip başlanar. Mundan ozal orta mekdepleriň birinji klasyna 7 ýaşyndaky çagalar kabul edilýärdi” diýip, bilim işgäri aýtdy.

Käbir mekdep mugallymlarynyň aýtmaklaryna görä, mekdep okuwynyň möhleti uzaldylyp, mekdep okuwçylary 11-nji klasa çenli okamaly bolarlar.

“6 ýaşyndaky çagalar 0-njy klasa kabul ediler. Şunlukda, mekdep okuwçysy 11-nji klasy tamamlap, mekdepde 12 ýyl okamaly bolar. 0-njy klaslar sowet döwründe hem girizilipdi. “Nulewoý” klas diýlip atlandyrylýan şol klaslarda 6 ýaşly çagalar okadylýardy. 0-njy klaslar çagalar bagyndaky mekdebe taýýarlyk toparlary ýalydy” diýip, aşgabatly mekdep mugallymy Aýnabat ýatlaýar.

Meseleler we sowallar

Ýurtda orta mekdeplerde okuwyň möhletiniň uzaldylmagyna döwrüň talaby hökmünde garalýandygyna garamazdan, bu çäräniň amala aşyrylmagynda ençeme meseleleriň ýüze çykmagynyň ähtimaldygyny bilim işgärleri aýdýarlar.

“Ilki bilen okuw programmasyny düzüp, täze okuw kitaplaryny çap etmeli. Gysga möhletde bu hili işi amala aşyrmak mümkin däl. Soň mekdepleriň goşmaça okuwçylary kabul edip biljek maddy-tehniki mümkinçiliklerini giňeltmeli. Okatmak üçin mugallymlar gerek. Häzirlikçe, orta mekdepleriň köpüsinde şeýle şertler ýok” diýip, bilim işgäri aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, her ýyl ýurduň orta mekdeplerine 100 müň töwerek okuwçy kabul edilýär. Eger-de indiki ýyl 7 ýaşly çagalar bilen birlikde 6 ýaşly çagalar hem orta mekdeplere kabul edilse, onda ilkinji gezek okamaga barýan okuwçylaryň sany iki essä golaý artar.

Şol bir wagtda-da, indiki ýyl 10-njy klasy tamamlaýan mekdep okuwçylarynyň hem ykbaly näbelli. Käbir mugallymlar olar indiki ýyl mekdebi tamamlar diýýän bolsa, käbirleri olaryň okuwlaryny dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar. Mekdep okuwçysynyň mekdebi tamamlaýan ýaşy ene-atalary aladalandyrman hem duranok.

“11-12 ýyllyk bilim almak möhleti girizilse, onda mekdep okuwçysy mekdebi 17-18 ýaşynda tamamlaýar. Bu ýagdaý gyzlara o diýen täsir etmese-de, oglanlara öz täsirini ýetirip biljek. Sebäbi mekdebi tamamlanlaryndan soň, olaryň harby gullugyna gitmeli wagty golaýlaýar. Olara ýokary okuw jaýyna girmäge az wagt galýar.” diýip, ogly häzir 9-njy klasda okaýan 46 ýaşly Gülendam aýdýar.

Garaşylýan bilim reformasy babatynda bu we beýleki meseleler boýunça ilat arasynda her hili sowallar döreýär. Emma bu sowallara entek jogap tapyp bolmaýandygyny paýtagtyň ýaşaýjysy 42 ýaşly Allamyrat aýdýar. Onuň pikiriçe, orta mekdep okuwynyň möhletini 11-12 ýyla uzaltmak boýunça alnyp barylýan işler we teklipler barada habar beriş serişdelerinde giňişleýin maglumatlar berilse, onda ilat arasynda bu mesele boýunça myş-myşlar ýaýramazdy.

“Bu ugurda edilýän işler barada giňişleýin maglumatlar berilmeýär. Şonuň üçin ilat arasynda bu barada diňe myş-myşlar bar” diýip, Allamyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmen telewideniýesinde hem-de metbugatynda ýurtda 11-12 ýyllyk orta bilimiň girizilmegi barada çykyş edýän bilim işgärleri bu çäräniň döwrebaplylygy barada umumy gürrüň edip, munuň üçin ýurt baştutanyna alkyş aýdýarlar. Haçan? Nähili ýagdaýda? Haýsy görnüşde? Resmi media bu sowallara entek jogap bermedi.
XS
SM
MD
LG