Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan haja gitmek mümkinçilikleri


2012-nji ýylda döwlet tarapyndan haja gidenleriň hemmesi kyrk ýaşdan geçen, ýetmiş ýaşa ýetmedik raýatlarymyzdyr.
2012-nji ýylda döwlet tarapyndan haja gidenleriň hemmesi kyrk ýaşdan geçen, ýetmiş ýaşa ýetmedik raýatlarymyzdyr.
Şu ýyl döwlet tarapyndan hajy bolmaga ugradylanlar 16-njy oktýabrda Mekge-Medinä ugrap, olar 15-nji noýabrda, tegelek otuz günden gaýdyp geldiler. Öňki ýyllarda döwlet tarapyndan haja gidýänler 20 günden gaýdyp gelýärdiler.

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe haj parzyny berjaý etmäge gidýänlere döwlet 2000 amerikan dollaryny resmi kursdan çalşyp berýärdi. Haja gidýänleriň çykdajysy ýanlary sowgatly gelenlerinde hem 1500 amerikan dollaryndan-1560 manatdan geçmändir, olar artdyran 500 dollaryny resmi kursdan tas bäş esse gymmat gara bazarda satan ýagdaýynda ähli eden çykdajysyny yzyna alyp bilýärdi.

Häkimiýetiň çalyşmagy bilen ýurtda amerikan dollarynyň resmi hem gara bazar arasyndaky 4-5 esse tapawudy ortadan aýrylansoň, haja gidýänleriň çykdajysy uly derejede ýokarlandy. Şu ýyl döwlet tarapyndan haja gidenleriň birnäçesiniň özara söhbetdeşlikde tassyklamagyna görä, ýol kireýleriniň mugt bolandygyna garamazdan, olaryň çykdajysy 2200 amerikan dollaryndan, 6300 manada golaý puldan az bolmandyr.

Haja gitmek üçin ýaşaýan ýeriňdäki metjidiň ymamyndan bäş wagtyna namaz okaýandygyň hakynda, ýerli saglyk öýüniň baş lukmanynyň goly bilen tassyklanan sagdynlygyň hakynda kepilnama, ýaşaýan ýeriň arçynlygyndan il içinde abraýyň bardygy hakynda häsiýetnama talap edilýär. Elbetde, haja gitmek isleýän sud jogapkärçiligine çekilmedik bolmaly, olaryň üç arkasy, maşgalasy hakynda anketa doldurmagy hökmanydyr.

2012-nji ýylda döwlet tarapyndan haja gidenleriň hemmesi kyrk ýaşdan geçen, ýetmiş ýaşa ýetmedik raýatlarymyzdyr. Şu ýyl haja giden 188 adamyň 7 sanysy aýal maşgala ekeni. Geçen ýyl haja gidenleriň arasynda aýallaryň sany 30-a golaýlapdyr.

2010-njy ýyldan bäri haja gitmek isleýänleri hususy syýahatçylyk firmalary hem ýylyň dowamynda toplap äkidýärler. Türkiýäniň üsti bilen 35-40 günlük turistik wiza esasynda raýatlar Mekge-Medinä zyýarat etdirilýär. Syýahatçylyk firmalarynyň üsti bilen umra hajy bolmaga gitmek üçin diňe pasportyň göçürmesi bilen 3400 amerikan dollaryny firma tabşyrmaly. Adam jemlenenden soň, firma çakylyk bilen çagyrýar. Şol beren puluň bilen aladasyz-gaýgysyz Mekge-Medinä 35 gün zyýarat edip bolýar.

Maňa mälim bolan maglumata görä, hususy syýahatçylyk firmalarynyň üsti bilen haj zyýaratyna giden raýatlarymyzyň şü gün-erte gaýdyp gelmeklerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG