Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda Sadyrkulowyň ölümi boýunça bäş adama ýyl kesildi


Bişkegiň sudy bäş adamy ýokary derejeli syýasatçynyň ölümine ilteşikli bolmakda aýyplap, olary 5 ýyldan 18 aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi. Olaryň arasynda ýurduň gümrük gullugynyň ozalky başlygy Zamir Moldoşew dagy hem bar.

Olar oppozisiýa syýasatçysy Medet Sadyrkulowyň we onuň iki ýaranynyň ölümine ilteşikli bolmakda günäli tapyldylar.

Sadyrkulow we ýene-de iki adam 2009-njy ýylyň martynda Bişkekda otlanan maşynyň içinde öli tapyldylar. Ilki başda, resmiler munuň ýol heläkçiliginiň bolandygyny aýdypdylar.

2010-njy ýylda Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirlenden soň, bu iş boýunça täze derňew geçirildi. Häzir Belarusda ýaşaýan Bakyýew we onuň dogany hem Sadyrkulowyň ölümine ilteşikli bolmakda aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG