Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Mirzaýew suduň karary bilen azatlyga goýberildi


Moskwanyň sudy Rasul Mirzaýewi azatlyga goýberdi. Bu iş boýunça Orsýetde etniki dartgynlylyk döräpdi.

Sişenbe güni sudýa Mirzaýewi atanlykda adam öldürmekde günäli tapyp, ony iki ýyl “azatlyk çäklendirmesine” höküm etdi. Sudýanyň karary bilen Mirzaýew, bir ýyl töweregi deslapky tussaghanada saklanandan soň, suduň zalyndan azatlyga goýberildi.

Mirzaýew Demirgazyk Kawkazdan bolup, ol etniki awardyr. Mirzaýew geçen ýylyň awgustynda gije klubunyň golaýynda, bir orsy urandan soň, ýaş ors ölüpdi.

Ors milletçileri bu işi etnikara çydamsyzlyga ýazdyrjak boldular. Sişenbe güni suduň karary yglan edilenden soň, suduň binasynyň daşynda birnäçe ors milletçisi tussag edildi.
XS
SM
MD
LG