Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Mursi öz haklarynyň çäginde hereket edendigini aýdýar


Müsüriň prezidenti Muhammad Mursi ýurduň ýokary derejeli sudýalaryna ýüzlenip, özüniň ygtyýarlyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän hakyndan peýdalanandygyny aýtdy.

Prezidentiň gol çeken permany Müsüriň täze konstitusiýasyny işläp düzmek bilen meşgullanýan Konstitusion Geňeşiň islendik bir sud tarapyndan ýatyrylyp bilinmegine ýol bermeýär.

Duşenbe güni sudýalar bilen geçiren duşuşygynda, Mursi özüniň kabul eden kararynyň sudlaryň işine “päsgel” bermejekdigini aýtdy.

Mursiniň kararyndan soň, ony goldaýanlar we garşy çykýanlar protest çärelerini geçirdiler. Anna gününde ýüz beren protestlerde, azyndan bir adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama iki tarapy hem köşeşmäge çagyryp, meseläni parahatçylykly çözmäge çagyrdy.

“Musulman doganlary” hereketi dartgynlylygy gowşatmak üçin, sişenbe güni Kairde planlaşdyrlan protest ýörişlerini togtatdy.
XS
SM
MD
LG