Sepleriň elýeterliligi

Arafatyň jesedi gabyrdan çykarlandan soň, täzeden jaýlandy


Palestinaly resmileriň aýtmaklaryna görä, sişenbe güni Ýaser Arafatyň jesedinden barlaglary geçirmek üçin nusgalar alnandan soňra, onuň bedeni täzeden jaýlanypdyr. Barlaglaryň netijesinde, Arafatyň zäherlenip-zäherlenmändigi anyklanjak bolunýar.

Palestinanyň lideri 2004-nji ýylda Parižde ýogalypdy. Emma, onuň näme sebäpden ölendigi barada heniz hem jedeller dowam edýär.

Arap ýurtlarynda köpler Arafatyň Ysraýyl tarapyndan zäherlenip öldürlendigini çaklaýarlar. Ysraýyl bu aýyplamalary berk bir görnüşde iňkär edýär.

Şweýsariýanyň resmileri Arafatyň geýminden radioaktiw poloniumyň tapylandygyny aýdanlaryndan soňra, fransuz sudýalary awgustda ýörite işi gozgadylar.

Sişenbe güni irden, Arafatyň jaýlanan Ramallah şäherindäki mawzoleýinden onuň bedeninden käbir nusgalar alyndy. Barlaglary geçirmek üçin, nusgalar şwed, fransuz we ors resmilerine berildi.
XS
SM
MD
LG