Sepleriň elýeterliligi

Ýasser Arafatyň jesedi gaýtadan jaýlandy


Palestinanyň öňki lideri Ýasser Arafatyň mawzoleýi, Iordan derýasynyň Günbatar kenaryndaky Ramalla şäheri, 27-nji noýabr, 2012.

Palestinanyň öňki lideri Ýasser Arafatyň mawzoleýi, Iordan derýasynyň Günbatar kenaryndaky Ramalla şäheri, 27-nji noýabr, 2012.

Palestinanyň resmileri Ýasser Arafatyň jesediniň sişenbe güni gaýtadan jaýlanandygyny aýtdylar. Arafatyň gubury onuň zäherlenen bolmagynyň ähtimaldygyny barlamak üçin açylypdy.

Palestinanyň lideri 2004-nji ýylda Parižde ýogalypdy, emma onuň ölüminiň sebäpleri henize çenli belli däl.

Arap dünýäsinde köpler, Palestina awtonomiýasynyň ilkinji prezidenti Ýasser Arafatyň Ysraýyl tarapyndan zäherlenendigini çak edýärler. Ysraýyl şeýle aýyplamalary çürt-kesik ret edýär.

Radioaktiw poloniý

Awgust aýynda Fransiýanyň sudýalary Arafatyň öldürilmeginiň ähtimaldygy boýunça sud işini gozgadylar. Munuň öňüsyrasynda Şweýsariýanyň instituty Arafatyň geýiminde radioaktiw poloniý serişdesiniň tapylandygyny yglan edipdi.

Şu hepdäniň sişenbe güni Iordan derýasynyň Günbatar kenaryndaky Ramalla şäherinde ýerleşýän mawzoleýde Ýasser Arafatyň jesedinden bölekler alyndy. Olar barlag üçin şweýsariýaly, fransiýaly we orsýetli ekspertlere tabşyryldy.

Palestinanyň häkimiýetleri prezidentiň Mukataa rezidensiýasyny ýapdylar we bu ýere habar beriş serişdeleri goýbermediler.

Radioaktiw poloniý Orsýetiň gizlin gulluklarynyň öňki agenti we Kremliň garşydaşy, 2006-njy ýylda Londonda ýogalan Aleksandr Litwinenkonyň ölümine sebäp bolan serişde.

Arafatyň jesediniň barlanmagy Iordan derýasynyň Günbatar kenarynda gapmagarşy reaksiýalary döretdi.

Käbir palestinalylar muny hakykatyň üstüni açmak üçin mümkinçilik hökmünde kabul etdiler. Beýlekiler, Ýasser Arafatyň jesediniň barlanmagyna oňa hormat goýmazlyk hökmünde garaýandyklaryny aýtdylar.

Barlaglaryň netijeleriniň haçan taýýar boljagy belli däl. Poloniý serişdesiniň maýda maddalara tiz bölünýändigi we ony sekiz ýyldan soň anyklamagyň kyndygy aýdylýar.

Arafatyň şahsyýeti

Palestinalylaryň garaşsyz döwlete eýe bolmak tagallalaryna 40 ýyllap ýolbaşçylyk eden Arafat döwrüň görnükli şahsyýeti bolupdy.

1994-nji ýylda Arafat Palestina we Ysraýyl arasynda parahatçylyk ugurynda alyp baran işleri üçin Ysraýylyň liderleri Ishak Rabin we Şimon Peres bilen bilelikde parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanypdy.

Palestinaly tankytçylar ony Ysraýyl babatynda çakdan aşa barlyşykly hereket etmekde we korrupsiýada aýyplapdylar.

Ysraýyl Arafaty Ysraýylyň raýatlaryna we esgerlerine hüjüm etmäge buýruk bermekde günäläpdi. Ysraýylyň güýçleri Arafatyň ýogalmagyndan ozalky iki ýylyň dowamynda ony Ramaladaky rezidensiýasynda gabawda saklapdy.

XS
SM
MD
LG