Sepleriň elýeterliligi

Howa sowaýar, paýtagtlylar öýlerini ýylatmagyň aladasynda


Şu ýylyň dowamynda bolsa käbir köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda we çagalar baglarynda Germaniýada öndürilen täze kotelnýalar hem goýuldy. Emma ýaýjylaryň käbiri bu kotelnýalaryň garaşylan netijäni bermändigini aýdýarlar.

Şu ýylyň dowamynda bolsa käbir köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda we çagalar baglarynda Germaniýada öndürilen täze kotelnýalar hem goýuldy. Emma ýaýjylaryň käbiri bu kotelnýalaryň garaşylan netijäni bermändigini aýdýarlar.

Soňky 2-3 hepde bäri paýtagt Aşgabatda gijelerine howanyň temperaturasy minus derejesine ýetýär. Howanyň sowamagy bilen ençeme adamlar jaýlaryny ýylatmagyň ugruna çykdylar. Bu ýagdaý esasan hem sowet döwründe gurlan köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan maşgalalara degişli.

Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy 52 ýaşly Begmyrat häzir bu meseläniň özi üçin derwaýysdygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, bu ýaşaýyş jaýlarynyň merkezi ýyladyş sistemalarynyň oktýabr aýynyň ortalarynda işledilip başlanandygyna garamazdan, jaýlarynyň radiatorlary sowuk otaglary ýyladyp bilmeýär.

“Batareýalar gyzmasyna gyzýar welin, olaryň berýän ýylylygy beton jaýlary ýyladyp bilenok. Şonuň üçin, meniň jaýymda ýaşaýan adamlaryň köpüsi elektrik peçlerini ulanmaly bolýarlar. Gaz we eýran peçlerini ulanýanlaram az däl, köp maşgalalar ulanýar” diýip, Begmyrat gürrüň berýär.

Begmyradyň aýdýanlaryny onuň goňşusy 42 ýaşly Ahmet hem tassyklaýar: “Meniň hem ýaşaýan jaýymdaky radiatorlar otaglary ýyladyp bilenok. Bu problema 1991-nji ýyldan bäri, şu jaý gurlany bäri bar” diýip, Ahmet her gyşda dört otagly jaýynyň ikisinden peýdalanýandygyny, olary elektrik peji bilen ýyladýandygyny aýdýar.

“Beýleki iki otagda hem elektrik pejini goýjak boldum. Emma elektrik simleri çydanok” diýip, Ahmet aýdýar. “Munuň üstesine-de, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärleri hem ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, elektrik peçlerini köp ulanmazlyk barada duýduryş berip gidýärler”.

"Teklipnamada" jaýlarda gaz we eýran pejiniň ulanylmagyny gadagan etmeli diýilýär.

"Teklipnamada" jaýlarda gaz we eýran pejiniň ulanylmagyny gadagan etmeli diýilýär.

​Ahmediň aýdyşy ýaly, şu günler Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ilata bu edaranyň "Teklipnama" diýlip atlandyrylýan resminamasyny gowşuryp gidýärler. Bu resminamada 20 sany teklip bolup, onda elektrik we gaz enjamlarynyň ulanyş kadalary barada, haýsy enjamlaryň ulanylmalydygy hem-de ulanylmagy gadagan edilmelidigi barada teklip edilýär. Ahyrky 20-nji teklipde jaýlarda gaz we eýran pejiniň ulanylmagyny gadagan etmeli diýilýär.

Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärleriniň biriniň aýtmagyna görä, bu resminama "Teklipnama" diýlip atlandyrylýan-da bolsa, ol aslyýetinde ýaşaýjylar üçin görkezmedir.

“Ýöne bu görkezmä gulak asýan adam az. Biz barlag bilen barsak, köplenç halatda gapyny hemaçmaýarlar. Ýa-da öýlerine goýbermeýärler” diýip, ýangyn howpsuzlyk bölüminiň efirde adynyň tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar. “Ylaýta-da, gaz we eýran peçlerini ulanýanlar bizi öz jaýlaryna goýbermejek bolýarlar”.

Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Begmyrat "Teklipnamada" aýdylýanlar bilen ýaşaýjylaryň köpüsiniň ylalaşýandygyny, emma ýaşaýjylaryň iki arada galýandyklaryny aýdýar.

“Elbetde, aşa köp elektrik peçlerini ulanmak tok bilen bagly birnäçe meseleleri döredýär. Podýezdlerdäki şitler ýanýar, kwartiralara barýan elektrik simleri gyzyp, ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn döreýän halatlary hem bolýar. Emma başga çykalga bolmasa, adamlar näme etsin. Hiç kimiň hem öz öýünde üşäp oturasy gelenok. Maşgalasynda kiçi ýaşly çagalary bolanlara has-da kyn bolýar” diýip, Begmyrat aýdýar.

Paýtagtyň ýylaldyş möwsümine taýýarlygy baradaky mesele ýurt baştutanynyň gatnaşmagynda geçirilýän hökümet maslahatlarynda hem gozgalýar. Şu ýylyň dowamynda bolsa käbir köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda we çagalar baglarynda Germaniýada öndürilen täze kotelnýalar hem goýuldy. Emma ýaýjylaryň käbiri bu kotelnýalaryň garaşylan netijäni bermändigini aýdýarlar.

Gyş paslynyň gelmegine sanlyja günler galdy. Emma paýtagtyň ýaşaýjylary howanyň sowugyny eýýämden ýiti duýýarlar. Olar öz öýlerini ýylatmak üçin Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärlerine ýaşaýan jaýlarynyň gapysyny açmaýarlar.
XS
SM
MD
LG