Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernobyl stansiýasynyň daşy örtülýär


Işiň birinji tapgyrynda bäş müň tonna polat 22 metr belentlige çenli galdyryldy.
Işiň birinji tapgyrynda bäş müň tonna polat 22 metr belentlige çenli galdyryldy.
Işçiler Ukrainanyň ýadro elektrik stansiýasynyň partlan reaktorynyň üstüni örtjek desganyň birinji böleginiň gurluşygyny tamamladylar.

Proýekte ýolbaşçylyk edýän Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky sişenbe güni ýetilen sepgidi 1986-njy ýylda bolan partlamanyň yzyny arassalamakda ädilen uly ädim diýip öwdi. Şol partlama dünýäniň iň erbet ýadro betbagtçylygy hökmünde taryha girdi.

ÝDÖB-niň ýadro howpsuzlygy boýunça müdiri Winç Nowak köteliň birinji böleginiň proýektiň iň möhüm tapgyry bolandygyny aýtdy.

“Şu gün, sözüň doly manysynda birnäçe sagat öň, täze howpsuzlyk gurşawy boýunça iş başlandy. Çen bilen aýdylanda, bäş müň tonna işlenen polat elementleri Çernobyl meýdançasynda siňdirildi, haýat galdyryş operasiýasy bolsa şu gün başlanýar. Kötel tutuşlygyna öz boýuna galdyrylýança, belki-de, birnäçe gün gerek bolar” diýip, Nowak aýtdy.

Işiň birinji tapgyrynda bäş müň tonna polat 22 metr belentlige çenli galdyryldy.

Çernobyl ýadro elektrik desgasyndaky täze we howpsuz gurşawyň gurluşygy boýunça proýektiň başlygynyň orunbasary Wiktor Zalizetskiniň aýtmagyna görä, bu örtgi zeper ýeten reaktordan radiasiýanyň ýaýramagynyň öňüni alar.

“Bu örtgi radioaktiwligiň we zäherli aerozollaryň daş-töwerege ýaýramagynyň öňüni almaly. Şeýlelikde, ol hem Ukrainany, hem Ýewropa ýurtlaryny radioaktiw zäherlenmelerden gorar” diýip, Zalizetskiý aýtdy.

Zalizetskiý kemerli polat germezleriň ömrüniň bir asyra çekjekdigini belleýär.

“Hemme zat 100 ýyla sazlandy. Tender teklibinde tehniki ýagdaýlar göz öňünde tutuldy, onuň ömri 100 ýyla ýetmeli” diýip, Zalizetskiý aýdýar.

2015-nji ýylda desganyň gurluşygy tamamlananda, onuň ini 257 metre, boýy bolsa 110 metre barar.

1986-njy ýyldaky betbagtçylykdan soň, zeper ýeten 4-nji reaktoryň daşyny örtmek üçin, gysga wagtyň içinde ol ýerde sarkofog guruldy. Emma desgada jaýryklaryň üsti açylyp, ol radiasiýanyň syzyp çykmak ähtimallygy baradaky gorkularyň döremegine sebäp boldy.

Proýektiň bahasynyň 1,2 milliard dollara barjagy çak edilýär. Puluň köp bölegi ÝDÖB-niň garamagyndaky Çernobyl gorag fonduna donorlyk edýän 40 döwletden gelýär.
XS
SM
MD
LG