Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Kabul Bankyndan 900 million dollar çykarylypdyr


Kabul Banky bilen dörän dawalar boýunça taýýarlanan garaşsyz hasabata görä, 900 million töweregi dollar Owganystanyň daşyna çykarylypdyr.

Halkara donorlary tarapyndan maliýeleşdirilen ykdysady barlaglaryň netijesinde belli bolşuna görä, pul serişdeleri karz bermek görnüşinde berlip, olar soňundan bankyň ýolbaşçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň, dostlarynyň daşary ýurtdaky hasaplaryna geçirilipdir.

Hasabatda nygtalmagyna görä, gürrüňi gidýän bu bank karzlary diňe 19 adama we kompaniýa berilipdir.

Bu bank karzlaryndan bähbit görenleriň arasynda prezident Hamid Karzaýyň dogany Mahmud hem bar. Ol öz gezeginde, bu aýyplamalary iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG