Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili işinden çekilýär


ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Mark Grossman, 14-nji dekabrdan başlap, bu wezipeden çekilýär.

Onuň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Grossman adaty durmuşa gaýdyp gelýär. Metbugat wekiliniň belleýşi ýaly, Döwlet Sekretary Hillari Klinton hem Grossmana bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlygyny bildiripdir.

Grossman regiona köp syýahat edipdi. Aýdylmagyna görä, ol NATO-nyň ýüklerini daşamak üçin Pakistanyň serhediniň şu ýylyň başynda täzeden açylmagyny gazanypdyr. Serhet ABŞ-nyň howa hüjüminde 24 pakistanly esgeriň ölüminden soň ýapylypdy.
XS
SM
MD
LG