Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Damaskdaky bomba partlamalarynda onlarça adam öldi


Siriýada Damaskyň eteginde amala aşyrylan ulag partlamalarynda, azyndan 34 adam öldi, onlarçasy hem ýaralandy. Bu barada ýurduň döwlet telewideniýesi we aktiwistler maglumat berýär.

SANA habar agentliginiň aýtmagyna görä, Jaramana etrabyndaky hüjümiň arkasynda “terroristler” dur.

Soňky günleriň dowamynda, Damaskyň töwereklerinde ýowuz söweşler alnyp barylypdy.

Geçen aý, Jaramana etrabynda amala aşyrylan ulag partlamasynda, 11 adam heläk bolupdy.

Aktiwistleriň çaklamagyna görä, geçen ýylyň martynda prezident Başar al-Assada garşy başlanan gozgalaňdan bäri, häzire çenli 40 müňe golaý adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG