Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler boýunça baş wekili Özbegistana bardy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Äşton Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň çäklerinde, Özbegistana bardy.

Äşton Daşkende çarşenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden bardy. Ol Bişkekda Merkezi Aziýa sebitiniň ähli bäş döwletiniň daşary işler ministrleri we olaryň orunbasarlary bilen, regiondaky howpsuzlyk we energiýa meselelerini maslahat etdi.

Äşton gepleşikleriň dowamynda 2014-nji ýylda Halkara güýçleriniň esgerleriniň Owganystandan çykarylmagyny we munuň sebite ýetirip biljek täsirleri barada hem maslahat edilendigini aýtdy.

Özbegistandan soň, Äşton Täjigistana we Gazagystana sapar eder.
XS
SM
MD
LG