Sepleriň elýeterliligi

“Hobbit” filminiň premýerasy Täze Zelandiýada geçirildi


Täze Zelandiýanyň Wellington şäherinde “Hobbit” atly filmiň premýerasy boldy.

J.R.R. Tolkieniň eserleri esasynda döredilen filmi görmek üçin, onmüňlerçe adam kinoteatryň öňünde uly nobatlara durdy. Bu çärä filmde oýnan aktýorlar we beýleki meşhur adamlar hem gatnaşdy.

Köpler düşülen gyzyl halynyň üstünden geçjek adamlary tomaşa edip bilmek üçin, çadyrlary gurup, öten agşamy şol ýerde geçirdiler. Olar özlerine uzyn gulaklary dakyp, orta asyra degişli egin-başlary hem geýdiler.

Bu çäre mynasybetli şäheriň ady wagtlaýynça “Dünýä merkeziniň ortasy” diýlip atlandyryldy.
XS
SM
MD
LG