Sepleriň elýeterliligi

Ý.Bunstra: “Bilim initiatiwasyny durmuşa geçirmek işleri haýal gidýär”.


ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Äşton Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri we orunbasarlary bilen duşuşygy, Bişkek, 27-nji noýabr, 2012

ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Äşton Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri we orunbasarlary bilen duşuşygy, Bişkek, 27-nji noýabr, 2012

Şu hepdäniň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Äşton Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edýär. Bu saparyň gün tertibine laýyklykda, ol Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana barýar. Türkmenistan näme üçindir saparyň gün tertibinde görkezilmeýär.

Azatlyk Radiosy ÝB-niň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen bagly strategiýasy barada düýbi Brýusselde ýerleşýän Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasynyň (EUCAM), şeýle hem düýbi Ispaniýada ýerleşýän “Fride” analiz merkeziniň eksperti Ýos Bunstra bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bunstra, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Ketrin Äştonyň Merkezi Aziýa saparynyň dowamynda Türkmenistana barmak onuň gün tertibinde görkezilmändir. Munuň nähili sebäpleri bolup biler?

Bunstra: Men munuň resmi sebäplerini bilemok, ýöne bu barada käbir çaklamalarym bar. Ilkinji nobatda, muny amal etmek sebäp bolan bolmagy ähtimal, çünki bir hepdäniň dowamynda ähli bäş ýurda sapar etmek aňsat iş däldir. Elbetde, Gyrgyzystana barmaly, sebäbi ol ýerde ministrleriň duşuşygy bolýar. Şol duşuşyga Türkmenistanyň hem wekilleri gatnaşar.

Ýöne munuň başga sebäbi hem bolup biler. Birinjiden, Türkmenistana we energiýa bolan gyzyklanma soňky bir-iki ýylyň dowamynda birnäçe ýyl mundan ozalky ýagdaýyndan pese gaçdy. “Nabukko” ýa-da “Günorta koridor” ýaly proýektler boýunça gaty az ösüş duýulýar. Şeýle hem soňky bäş ýylyň dowamynda ÝB-niň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasy energiýa meselesinden howpsuzlyk meselesine geçdi. Häzir Gyrgyzystanda we Täjigistanda howpsuzlygy we asudalygy saklamak boýunça aladalar artýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana häzir sapar edilmeýänliginiň başga nähili sebäbi bolup biler?

Bunstra: Häzire çenli Türkmenistanda, Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasy ýok. Golaýda ÝB-niň täze wekilhanasy Özbegistanda açyldy. Mundan öň bolsa beýleki üç ýurtda ÝB-niň wekilhanalary işläp gelýär. Häzire çenli ÝB-niň ilçisini belläp, wekilhana açmak meselesinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda käbir kynçylyklar bar. Şol sebäpden hem, belki Äşton bu mesele çözülýänçä Türkmenistana barmaklygy planlaşdyran däldir.

Azatlyk Radiosy: Egerde Türkmenistanda ÝB-niň wekilhanasyny açmak meselesinde bökdençlikler bar bolsa, onuň perspektiwada çözgüdine nähili garaýaňyz?

Ýos Bunstra, "EUCAM" programmasynyň ýolbaşçysy

Ýos Bunstra, "EUCAM" programmasynyň ýolbaşçysy

Bunstra: Men bu meselede nämäniň bökdençlik döredýändigini açyk bilemok, ýöne men ÝB-niň daşary işler edarasynyň ýakyn geljekde Aşgabatda öz wekilhanasynyň açylmagyny isleýändigini oňat bilýärin. Ýöne meniň pikirimçe, Türkmenistan akkreditasiýa bermek meselesinde howlugýana meňzemeýär.

Azatlyk Radiosy: Ketrin Äşton geçen hepdede Radiomyz bilen söhbetdeşlikde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynda bilim boýunça has köp hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini aýtdy. Regionda bilimi ösdürmek üçin ÝB nähili ýardam berip biler?

Bunstra:
Merkezi Aziýada ÝB-niň alyp barýan üç sany regional proýektiniň biri hem bilim ugrundandyr. Beýlekileri bolsa kanunyň hökmürowanlygy we daşky gurşawy goramak boýunça proýektlerdir. ÝB häzir bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigi baradaky alamaty bilýär.

Ýöne regiona peýda berjek bilim boýunça initiatiwanyň amal edilmegi boýunça işler haýal gidýär. Hususanda ýurt derejesinde haýal gidýär. Bu bolsa “Erasmus Mundus” we “Tempus” ýaly ÝB-niň giň göwrümli programmalaryny amala aşyrmakda aladalar döredýär. Bu ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň alyş-çalyş programmasydyr. Az sanly hususy uniwersitetler diýäýmeseň, MA-nyň köp uniwersitetleriniň bu programmalara gatnaşyp, olardan peýda görmäge ýeterlik ukyby hem-de tejribesi ýok. Şunlukda, bu ugurda köp iş edilmeli.

Azatlyk Radiosy: Golaýda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň bir topary okuw sapaklaryny planlaşdyrmak, okatmak boýunça Brýusselde gurnalan ýörite programma gatnaşdylar. Şeýle alyş-çalyş programmalarynyň täsirine nähili garaýaňyz?

Bunstra:
Bu örän pozitiw ýagdaý. Bilimi ösdürmek Türkmenistan üçin has hem möhüm, çünki bu ýurtda soňky 10 ýyllyklaryň dowamynda bilim sistemasy dargadyldy. Men türkmen hökümetiniň beýleki ýurtlar bilen bilim alyş-çalyşygy boýunça programmalary üçin açyk bolmagyna umyt baglaýaryn.

Diňe Ýewropa ýurtlary bilen däl-de, eýsem Türkiýe, Orsýet we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hem bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmeli. Sebäbi bu örän möhüm meseledir. Hususanda, bu diňe ýokary bilime degişli bolman, eýsem başlangyç we ýörite orta, hünär öwredýän bilim bilen baglylykda hem alnyp barylmaly. Men geljek ýyllarda ÝB bu ugurda has takyk syýasat alyp barar diýip umyt baglaýaryn. Şeýle hem, men bu ugurdaky hyzmatdaşlygy we kömegi Aşgabadyň isleg bilen kabul etmegine umyt baglaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Golaýda türkmen hökümeti ýurtda halkara standartlaryna gabat gelýän bakalawr we magistratura boýunça okuw programmalaryny girizip, iňlis dilinde sapak berjek uniwersiteti döretmek barada teklibi orta atdy. Şeýle initiatiwany ýurtda durmuşa geçirmek üçin nähili mümkinçilikleri we problemalary görýäňiz?

Bunstra:
Dogrymy aýtsam, Türkmenistanyň başlangyç bilim sistemasynda düýpli problemalar bar. Şonuň üçin ýurduň bütin bilim sistemasyny noldan diýen ýaly başlamaly. Bu işde halkara kömegi ýerlikli bolardy. Meniň pikirimçe, ýokary bilim sistemasynda beýleki ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda tejribe alyş-çalyşygy, studentleriň alyş-çalyşygy möhüm bolup durýar.

Ýöne Türkmenistan adamlaryň syýahat etmeklerine çäklendirmeleri we üzňeligi saklasa, onda halkara standartlaryna gabat geljek hakyky bilim sistemasyny döredip bolmaz. Bakalawr we magistratura programmamayz bar diýip bilerler, ýöne beýleki uniwersitetler we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmezden ol hakyky bilim sistemasy bolmaz. Şunlukda, takyk proýektler gerek. Men ýurduň geljegi üçin bilimiň möhümdigine türkmen ýolbaşçylarynyň ynanýandyklaryna umyt baglaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan ýaly ýurtlar bilen gatnaşyklarynda üzňelik bilen ysnyşygyň arasyndaky ýodada ÝB-niň ikinji ýoly saýlaýandygy aýdylýar. Muňa siz nähili garaýaňyz?

Bunstra:
Elbetde, men ysnyşygyň möhümdigi bilen ylalaşýaryn, ýöne her zadyň çeni bolmaly. Sebäbi, eger-de ýurtlar özlerini üzňeleşdirse, eger-de ýurtlar awtoritar usul bilen dolandyrylsa, hiç hili demokratiýa bolmasa, eger-de adam hukuklary köp bozulýan bolsa onda pozitiw özgerişe ýetip bolmaýar.

Belli bir pursatda şeýle ýagdaýdan saplanmak gaty kyn düşýär. Ysnyşmak ýolunyň ähmiýeti demokratiýa, adam hukuklarynyň bozulýandygy we beýleki meseleler barada alada bildirmäge mümkinçiligiň bolmagyndadyr. Meniň pikirimçe, şol ýol bilen hem gitmeli. Men Aştonyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşygynda bu meseleleri galdyrjagyna umyt baglaýaryn.

XS
SM
MD
LG