Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Medwedewiň ýol howpsuzlygy boýunça teklipleri tankyt edildi


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Moskwanyň etegindäki Gorki rezidensiýasynda, 22-nji noýabr, 2012.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Moskwanyň etegindäki Gorki rezidensiýasynda, 22-nji noýabr, 2012.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň ýol hereketiniň howpsuzlygyny gowulandyrmak boýunça edýän tagallalary köpçülikleýin ýaňsylandy.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň Orsýetiň ýollarynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çynlakaý synanyşyk hökmünde başlan kampaniýasy onuň abraýyna zeper ýetirdi.

Medwedew dynç günlerinde internetde ýerleşdiren wideo blogynda transport bidüzgünçilikleriniň öňüni almak üçin jerimeleriň mukdaryny düýpgöter artdyrmagy we içgili sürüjileri jenaýat jogapkärçiligine çekmegi teklip etdi.

Medwedew her hepdede diýen ýaly, heläkçilikli wakalar barada maglumatlaryň gowuşýandygyny aýtdy we şäher häkimiýetleriniň adamlary goramak üçin ýörite çäreleri gözläp tapmalydygyny belledi.

Medwedew wideo blog arkaly eden bu çykyşynda Orsýetde bar bolan çynlakaý problemany gozgan hem bolsa, onuň geýinişiniň stili we öňe süren teklipleri berk tankyt astyna alyndy.

Syýasaty öwreniji Ýewgeniý Minçenko “Dožd” telekanalyna beren interwýusynda Medwedewiň gara reňkli deri kurtkasyna geýinip we gara reňkli BMW X5 kysymly maşyna münüp surata düşmeginiň banditler baradaky “Bumer” atly filmi ýada salandygyny aýtdy we munuň premýer-ministriň abraýyna zeper ýetirendigini belledi.

Meşgur gündelik gazeti bolan “Moskwoskiý Komsomoles” neşriniň komentatory Medwedewiň çykyşyny Germaniýanyň BMW maşynynyň reklamasyna meňzetdi.

Emma Medwedewiň adyna edilen tankytlar diňe onuň bolup oturyşy bilen çäklenmedi, onuň sözlän sözleriniň mazmuny hem ýazgaryldy.
Prezidentlige öňki dalaşgär, milliarder Mihail Prohorow Medwedewiň jerimeleri 500 müň rubla ýagny 16 müň dollara ýetirmek teklibini ýaňsylady. “Öňki prezident ýurtdaky ortaça aýlyklaryň mukdaryndan habarlymy, diýip soralsa gowy bolardy”, diýip Prohorow belledi.

Medwedew soňra Twitterde eden ýazgysynda uly mukdarly jerimeleri diňe içgili sürüjiler üçin niýetleýändigini aýtdy.

2010-njy ýylda Medwedew maşyn sürüjileriň ganynda alkogolyň düýpden bolmazlygyny talap edýän täze düzgünleri girizipdi.

Häzirki wagtda Orsýetde sürüjileriň ganynda alkogolyň ujypsyz mukdary tapylan ýagdaýynda olar 12-18 aýlap sürüjilik lisenziýasyndan mahrum edilýärler. Ikinji gezek tutulan sürüjiler lisenziýadan 3 ýyllap mahrum edilýär we olara 5 müň rubl ýagny 161 dollar mukdarda jerime salynýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG