Sepleriň elýeterliligi

“Amnesty International” türkmen tussaglarynyň aladasynda


“Amnesty International” guramasynyň tassyklamagyna görä, şol gürrüňi edilýän wakada aýyplanylyp, azyndan 59 adam türme tussaglygyna höküm edilipdir.

“Amnesty International” guramasynyň tassyklamagyna görä, şol gürrüňi edilýän wakada aýyplanylyp, azyndan 59 adam türme tussaglygyna höküm edilipdir.

27-nji noýabrda ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy 2002-nji ýylyň noýabrynda “Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän wakanyň on ýyllygyna gabatlap, ýörite beýanat ýaýratdy.

“Amnesty International” guramasynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda bu guramanyň Baş sekretary Salil Şetti Türkmenistanyň prezidentini ýurduň ozalky prezidentiniň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanylyp tussag edilen adamlaryň ykbaly baradaky maglumatlary jemgyýetçilige aýan etmeklige çagyrypdyr.

“Amnesty International” öz beýanatynda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakada oppozisiýanyň tarapdarlaryna ýaragly hüjüm etmekde aýyplama bildirilendigini we giň gerimde repressiýalaryň ýola goýlandygyny belleýär.

Alada döredýän ýagdaýlar

“Amnesty International” guramasy bu barada, hususan-da, şeýle ýazýar: “Bu hüjüm diýlip atlandyrylýan waka boýunça alnyp barlan derňewler hem-de şonuň netijesinde ýola goýlan sud diňlenişikleri ynsan hukuklarynyň çynlakaý bozulmalary bilen alamatlandy. ‘Amnesty International’ bu wakalardan soň onlarça adamyň zor bilen ýitirim edilmegine çynlakaý alada bildirýär”.

“Amnesty International” guramasynyň Ýewroaziýa regiony boýunça analitigi Raçel Bagler bu raýatlara garşy geçirilen sud prosesini adalatsyz diýip hasaplamak üçin degerli esaslaryň bardygyny aýdýar.

Ol: “Bu tussag edilenlerden birnäçesiniň jemgyýetçiligiň öňünde ‘günäsini boýun alyp’ çykyş etmäge mejbur edilendikleri barada bizde maglumatlar bar. Munuň üstesine, bu aýyplanýanlardan käbirleriniň aklawçylary sud prosesinde ‘men seniň ýaly adamyň hukugyny gorap çykyş edýändigime namys edýärin’ diýip söz sözläpdir. Mundan daşary, bu adamlaryň özlerine bildirilýän aýyplamalar bilen ýakyndan tanyşdyrylmazdan hem, aýyplamalar bilen tanyşdyrylandyklary baradaky dokumente güýç bilen gol çekdirilendikleri barada-da aýyplamalar bar. Şular ýaly ýagdaýlar bizde alada döredýär” diýip, belledi.

“Amnesty International” guramasynyň tassyklamagyna görä, 2002-nji ýylyň dekabrynda we 2003-nji ýylyň ýanwarynda adalatsyz geçen sud proseslerinde şol gürrüňi edilýän wakada aýyplanylyp, azyndan 59 adam türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Şolaryň arasynda Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň, onuň jigsi Konstantin Şyhmyradowyň we ýurduň ozalky daşary işler ministri hem-de ÝHHG guramasy boýunça ozalky wekili Batyr Berdiýewiň-de bardygy bellenilýär.

“Amnesty International” bu iş bilen bagly tussag edilen adamlaryň ykbaly barada henize çenli olaryň dogan-garyndaşlaryna we jemgyýetçilige hiç hili maglumatyň berilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýa özüniň çynlakaý alada bildirýändigini mälim edipdir.

“Halkara kanunlaryny bozmak”

Guramanyň Ýewroaziýa regiony boýunça analitigi Raçel Bagler bu barada şeýle diýdi: “Biz bu adamlar güýç bilen ýitirim edilmek ýagdaýyna sezewar edilendir diýip alada bildirýäris. Güýç bilen ýitirim edilmek diýmek bir adamyň tussag edilip, ol adamyň nirediligi we oňa näme bolandygy baradaky maglumatyň gizlenmegini aňladýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bu adamlaryň kanunyň goragyndan daşarda galýandygyny aňladýar. Bu ýagdaý bolsa halkara kanunlaryny örän çynlakaý ýagdaýda bozmakdyr”.

“Amnesty International” guramasy bu mesele barada ýaýradan soňky beýanatynda bu tussag edilenleriň dogan garyndaşlarynyň we Halkara Gyzyl Haç Komiteti ýaly käbir garaşsyz guramalaryň bu tussaglaryň ykbalyndan habar bilmek barada eden ýüzlenmelerine türkmen häkimiýetleriniň hiç hili oňyn jogap bermeýändiklerini aýdýar. Beýanatda hatda tussaglykda ölüpdir diýlip çaklanylýan 8 sany adamyň ykbaly barada-da anyk jogap alyp bolmaýandygy nygtalypdyr.

“Amnesty International” guramasynyň beýanatynda 25-nji noýabr wakasyndan daşary tussag edilen käbir raýatlaryň, hususan-da, 2002-nji ýylyň maýynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp tussag edilen Tirkiş Tyrmyýewiň ykbaly barada-da hiç hili maglumat berilmeýändigine alada bildirilipdir.

“Amnesty International” guramasy öz beýanatynda Türkmenistanyň prezidentini bu tussaglaryň ykbaly baradaky maglumatlary olaryň dogan-garyndaşlaryna we jemgyýetçilige aýan etmeklige çagyrypdyr.
XS
SM
MD
LG