Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Başatgyjyny alyp Türkmenistana gitdi...


Başatgyçly aýallar ýöräp barýar.
Başatgyçly aýallar ýöräp barýar.
Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyp gyzlardan biri ýakynda dynç alyşda ene-atasyny hem dogan-garyndaşlaryny görmek üçin Türkmenistana gitdi. Emma, aeroportda düşen badyna ol Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň ünsüni özüne çekdi.

Talyp gyz az wagtdan soň göýberildi. Ýöne sorag-ideg işi aeroprt bilen çäklenmän, ol soňra ýerli hökümet edaralary tarapyndan-da dowam etdirildi. Olar şol talyp gyzyň näme üçin başatgyç atynýandygyny soraýardylar.

Şahsy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli agzalýan talyplar radioda çykyş etmekden çekindiler, emma Täze Tolkun bu meselede olaryň ýakyn joralaryndan biri, özüni Maýsa diýip tanadan beýleki bir talyp gyz bilen söhbetdeş boldy.
XS
SM
MD
LG