Sepleriň elýeterliligi

Dagystanly doganlar dini, syýasy bölünişigi ýeňmäge çalyşýarlar


Rustam (Abubakar) Şapyýew: "Haçanda ol (agam) maňa Pygamberiň doglan gününi bellemeli däl diýende, men oňa ‘Bes et. Şu ýerde gürrüňimizi goýaly’ diýýärin”.

Rustam (Abubakar) Şapyýew: "Haçanda ol (agam) maňa Pygamberiň doglan gününi bellemeli däl diýende, men oňa ‘Bes et. Şu ýerde gürrüňimizi goýaly’ diýýärin”.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky Dagystan respublikasy Yslamyň Sufi we Salafi akymlarynyň arasynda kiçiräk çaknyşyklar, şeýle hem dartgynlylyk bilen ýüzbe ýüz bolýar. AÝ/AR-nyň Demirgazyk Kawkaz gullugy dagystanly iki sany dogan bilen söhbetdeş boldy. Olaryň biri respublikada resmi taýdan ykrar edilen Yslam dininiň Sufi akymyna uýýar, beýlekisi bolsa gadagan edilen Salafi akymynyň ýörelgelerini kabul edipdir. Doganlaryň dini ynanjynyň dürlüligi olaryň maşgalasynda käbir dartgynlygy döredýär.

Demirgazyk Kawkaz

Demirgazyk Kawkaz

Dagystanyň Komsomolsk obasynyň ýaşaýjylary Ruslan we Rustam Şapyýewlere asuda ýaşamak ýeňil düşmeýär.

Özüne Abubakar diýip at beren doganlaryň kiçisi Rustam öz uly agasyny gowy görýändigini we oňa hormat goýýandygyny aýdýar. Agasy özüne Magomed diýip at beripdir.

“Elbetde, dogan dogan bolýar. Biz garyndaşlyk gatnaşygymyzy saklamaly. Mogamed meniň uly agam. Ol içerik girende men ýerimden turýaryn. Men oňa nahar hödürleýärin. Men oňa hormat goýýaryn we onuň maslahatyna gulak asýaryn. Biz birek-birege kömek edýäris” diýip, Abubakar gürrüň berýär.

Ýöne din bilen bagly meselede olaryň gatnaşygy beýle däl.

“Mysal üçin, haçanda ol maňa Pygamberiň doglan gününi bellemeli däl diýende, men oňa ‘Bes et. Şu ýerde gürrüňimizi goýaly’ diýýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Tussag edilmek howpy

28 ýaşly Abubakar Sufi musulmany. Yslamyň bu akymy Dagystanda resmi taýdan ykrar edilen. 31 ýaşly Magomed Salafi akymyna degişli. Bu akym 1999-njy ýylda respublikanyň Wahabizmi we beýleki ektremist hereketleri gadagan edýän kununy esasynda gadagan edilýär. Doganlaryň dört sany beýleki doganoglany hem Salafizme uýýar.

Bu durnuksyz respublikada Magomed islendik wagt köçede düşündiriş berilmezden polisiýa tarapyndan saklanyp bilinýär.

Magomed şeýle ýagdaý bilen köplenç ýüzbe ýüz bolýandygyny aýdýar.

“Men doganymy öldürjek bolamok. Ýöne häkimiýetler meni öldürmäge gelýärler. Eger-de men köçä çykyp, şerigatyň kanunlary esasynda dolandyrylýan döwletde ýaşamak isleýändigimi aýdaýsam meni ýitirim edýärler. Meni birnäçe gezek polisiýa bölümine alyp gitdiler. Meniň köp dostum ýitirim boldy" diýip Mogomed sözüni dowam etdirýär.

"Bir gün meniň ýadymda galdy. Şol gün ir ertir men doga okamaga barýardym. Ulagda barýan polisiýa gapdalymda durdyda, hiç hili düşündiriş bermezden meniň maşyna girmegimi ümledi. Polisiýa bölüminde olar menden näme üçin polisiýadan gaçýarsyň diýip soradylar. Men bolsa ‘Men hiç ýere gaçmadym. Men metjide namaz okamaga howlugyp barýardym’ diýip aýtdym. Olar meni gorkuzjak boldular”.

Magomediň iki sany dosty jeneýat etmändiklerini aýtsalar hem, gynamalaryň üsti bilen olara günä ýüklenip, türmä saltnypdyr.

Bidügünçilikler

Adam hukuklaryny goraýjy garaşsyz guramalar şu ýyl 18 ýaşdan 40 ýaş aralygyndaky 800 töweregi erkegiň Dagystanda gozgalaňlar, resmi repressiýalar we dini zorluklar sebäpli öldürilendigini aýdýarlar. Olaryň arasynda 600 töweregi Şapyýewler ýaly etniki Awarlardyr.

Bidüzgünçilikler sebäpli Abubakar hem özüni biynjalyk duýýar. Ol ölenleriň birgiden dul galan ýaş görmegeý aýallarynyň ykbaly barada aladalanýar.

Magomed Orsýetiň Welikiý Nowgorod şäherinde 2009-2011-nji ýyllarda kiçi biznes alyp baranda Salafizmi kabul etdi diýip, Abubakar aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, agasy “ekstremist websaýtlaryň” täsirine düşüpdir.

Şol bir wagtda, Magomed Salafizmiň Wahabizmden tapawutlanýandygyny aýdýar. Ol resmi medianyň Salafizmi zorluk salyjy we biçak diýip häsiýetlendirýändigini aýdýar.

Doganlar 51 ýaşyndaky ejeleriniň göwni üçin birek-birege has ýakyn bolmaga çalyşýarlar. Magomed ejesi bilen din teoriýasy barada gürrüň etmekden saklanýandygyny, onuň deregine Yslamyň bu iki akymynyň umumy meňzeşlikleri barada gürrüň edýändigini aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG