Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Prezident bilen sudýalaryň dawasy güýçlenýär


Çarşenbe güni polisiýa Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasyna ýygnanan protestçileri dargatmak üçin nobatdaky gezek göz ýaşardyjy gazlary ulandy. Kair, 28-nji noýabr, 2012.
Çarşenbe güni polisiýa Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasyna ýygnanan protestçileri dargatmak üçin nobatdaky gezek göz ýaşardyjy gazlary ulandy. Kair, 28-nji noýabr, 2012.
Çarşenbe güni Müsüriň Ýokary Konstitusion sudy prezident Muhammad Mürsüni bu suduň mertebesine garşy kampaniýa alyp barmakda aýyplady.

Ýokary Konstitusion suduň bu barada ýaýradan beýanaty Müsüriň sud häkimiýeti bilen prezidentiň arasynda ýüze çykan dartgynlylygy has-da güýçlendirdi.

Çarşenbe güni ýurduň kassasion we şikaýat sudlary-da tä prezident Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyryjy permanlarynyň güýjüni ýatyrýança, işlemejekdiklerini yglan etdiler. Muhammad Mürsüniň täze ygtyýarlyklarynyň hatarynda onuň kararlaryna garşy hiç bir suduň höküm çykaryp bilmeli däldigi baradaky ygtyýarlyk hem bar.

Geçen hepde prezident Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyryjy permanlara gol çekeli bäri bu waka tutuş ýurt boýunça protest demonstrasiýalarynyň möwjemegine sebäp boldy. Prezidentiň garşydaşlary ony öz-özüne diktatoryň ygtyýarlyklaryny bermekde aýyplaýarlar.

Sişenbe güni hem paýtagt Kairde we köpsanly beýleki şäherlerde onmüňlerçe adam protest demonstrasiýasyna çykdy. Çarşenbe güni polisiýa Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasyna ýygnanan protestçileri dargatmak üçin nobatdaky gezek göz ýaşardyjy gazlary ulandy.

Muhammad Mürsüniň özi özüniň bu soňky çärelerini Hosni Mübäregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginiň yzy bilen başlanan demokratik özgerişlikleri goramak maksady bilen güýje girizilen wagtlaýyn çäre diýip düşündirýär.

Konstitusion suduň nägilelikleri

Çarşenbe güni Müsüriň Ýokary Konstitusion sudunyň metbugat sekretary bu suduň yslamçylara garşy iş alyp barýandygy barada prezident Mürsüniň bildiren aýyplamalaryny ret etdi.

Şu ýylyň iýunynda, Muhammad Mürsüniň prezidentlik kürsüsine eýe bolmagynyň öňýany Müsüriň Ýokary Konstitusion sudy yslamçylaryň agdyklyk edýän parlamentini dargatmak barada karar çykarypdy.

Ýokary Konstitusion suduň metbugat sekretary Maher Samy şol wakadan bäri bu suduň yzygiderli ýagdaýda basyşlara we hüjümlere sezewar edilip gelinýändigini aýdýar.

Prezident Muhammad Mürsüniň geçen hepde gol çeken kararlary indi aglaba agzasy ylamçylardan durýan we täze konstitusiýanyň taslamasyny işläp düzýän ýörite Geňeşiň Ýokary Konstitusion sud tarapyndan dargadylmak mümkinçiligini-de aradan aýyrýar.

Geçen hepde prezident Mürsi baş sudýalaryň bir topary bilen geçiren duşuşygynda öz täze ygtyýarlyklarynyň diňe “bitarap” meselelere degişli boljakdygyny aýtdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol özüniň täze ygtyýarlyklarynyň tä ýurtda täze konstitusiýa kabul edilýänçä hem-de parlament saýlawlary geçirilýänçä öz güýjünde galjakdygyny nygtady.

Muhammad Mürsüniň geçen hepde täze permanlara gol çekeli bäri geçirilen protest demonstrasiýalarynyň barşynda Müsürde azyndan iki adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG