Sepleriň elýeterliligi

Maryly zenan mejbury pagta ýygymy barada


Lebap welaýatynda, 27-nji oktýabr.

Lebap welaýatynda, 27-nji oktýabr.

Türkmenistanda her ýyl pagta ýygym möwsümi gyzgalaňly geçýär. Bu diňe daýhanlar üçin däl, tutuş ýurt, esasanam döwlet edaralarynda, kärhanalarda işleýän adamlary hem öz içine dolap alýar. Mary şäheriniň ýaşaýjysy 50 ýaşlaryndaky Sülgün hem şolaryň biri.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde Sülgün özüniň pagta ýygymyna äkidilen raýatlardan biridigini aýdyp, meýdanlarda başdan geçiren wakalary, pagta ýygymyna gatnaşmak islemeýän adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary hakda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen Türkmenistanda, esasan hem Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda edara-kärhanalaryň işgärleri pagta ýygymyna mejbury çekilýärler diýen maglumatlar bar. Siz dürli kärhanalaryň işgärleriniň şeýle mejbury işe çekilişi barada näme aýdyp bilersiňiz?

Sülgün: Ol-a, hakykatdanam, şeýle. Gitseň-ä gideniň, gitmeseňem 50 müň manat gündeligine töläýmeli. Birem hepdäňe 3 gün düşýär, 150 müň manat bermeli. Bolmasa-da seni işden boşadýarlar. Köne puldan 150 müň manat bolýar-da şol. Hawa, günüňe 50 müň manatdan tutýarlar. Täzäň hasabyna 10 manatdan bolýar-da.

Azatlyk Radiosy: Şu pagta ýygymyna ugratmaklyk haýsy wagtdan başlanýar?

Sülgün: Waýeý..., awgustyň 25-den başlanýar-da. Hiç hili otpuska-da ýok, şol iki aýyň içinde, hiç hili bolniçnyý zadam bolanok, jogabam bolanok şol iki aýda, diňe pagta gitmeli. Han-a ýolbaşçylaryň diýýän zady. [Ýöne] ol pagtany eken ýygmalydyr-a.

Azatlyk Radiosy: Siz bu işe işgärler iki aý çekilýär diýdiňiz, awgustyň aýagyna pagat ýygymyna ugradylyp başlansa, soňky iki aý, noýabr, dekabr aýlary işgärlere azar berlenokmy?

Sülgün: Noýabryňam başlaryna altynjybazar [günleri] gitmeli, gidýärler. Şolar ýalak erbet ýagyn zat ýagsa, onsoň ara salyp galýarlar. Bolmasa, sen gidäýmeli.

Azatlyk Radiosy: Eger gitmedik ýagdaýyňda, özüňe derek adam tutup ugradyp bolýarmy?

Sülgün: Özüň galyp bolýar, onsoň ýöne işe çykaýmaly hawa. Ine, medikler-zatlar işe çykaýmaly, ýeriňe adam ugradýaň, özüňem çykmaly.

Azatlyk Radiosy: Ýeriňe adam ugratman, özüň giden halatyňda, ýatymlaýyn gitmelimi ýa-da ulag zat bilen gatnadýarlarmy?

Sülgün: Ýatymlaýynam gidýäsiň, gündeligem gidýäsiň, altynjy-bazar [günlerine] düşse, altynjy-bazaram gidýäň-dä. Altynjy-bazaram gitmeli, soň 10 günden 10 gündenem ýazylýar-da onda-da gitmeli. Ýatymlaýynam bar-da, 10 gün 15 gün ýatymlaýynam bar.

Azatlyk Radiosy: Onsoň baran ýeriňizde nähilek şertler bolýar?

Sülgün: Aý, baran ýeriňde hiç hili şert ýogam. Ýatak jaý zat – hiç hili olar ýaly ýok. Ýokarsy zady açyk, barýaň, girýäň, ýatan krugyňa girýäň ýa-da bir mekdebiň içine salýarlar. Hiç hili şert ýok o taýda. Ýöne sen nalaç gitmeli-dä. Gitmelimi- gitmeli ýerine gitmeli bolýaň-da. Başga alajyň ýok seniň. Ýa sen işiňden arza ýazyp, çykaýmaly ýa-da sen gitmeli. Sen ýatymlyk gideniňde-de 800 müň manat 900 müň manat puluňy beräýmeli sen. 15 gün ýatymlygyňa 850 müň manat 900 müň manat pul tutýa-da. Özüň gitmän ýagdaýyňda-da şonuň ýaly tutýarlar. Onsoň nätjek-dä, nalaç gitmeli bolýaň-da. Ýa gitmeli ýa-da şeýdip aýlygyňdan bermeli bolýaň-da.

Azatlyk Radisoy: Ine, baran ýeriňizde ýygan pagtaňyza nähilek tölenýär?

Sülgün: Tölenýär, kilogramyňa 1000 manatdan berýärler ony.

Azatlyk Radiosy: Şony ýygan badyňa dessine berýärlermi?

Sülgün: Hawa, ýygan badyňa on-a berýärler, potratçylar kän saklanok. On-a berýärler.

Azatlyk Radiosy: Işgärlerden şular ýaly pul ýygnamak olaryň maşgala býujetine nähili agram salýar?

Sülgün: Waý, gaty agram salýar-a, bildirip dur-a! Biz ýalak ýeke bolup işleýänlere dagy gaty bildirýär-ä! Men, ynha, hepdäme 150 müň manat zyňyp duranymda nirä gidýär ol? Onsoň meniň aýlygymda gaty gowy bildirýär-ä ol zatlar. Maňa onsoň maşgala býujetime gaty agram salýarlar. Men 50 ýaşdan geçemsoň, indi ol zatlar maňa-da agyr degýär-dä. Nädeýin?!

Azatlyk Radiosy: Işgärleriň arasynda ýaş çagalysy bolýandyr, ýarawsyzy bolýandyr ýa bolmasa siziň ýaly ýaşy ýokary adamlar bolýandyr, şolara bir ýeňillik berlenokmy?

Sülgün: Hökman ugradylýar, hiç hili ýeňillik ýok olara. Çagalylaram çagasyny goýýar, çykýar gidýärler. Aý indi birine goýýandyrlar-da ýa sadikda ýa-da ýerine adam ugradýandyrlar. Ol zatlar olary gyzyklandyranok, pagta döwrümi, pagta möwsümimi - möwsümi! Ol zatlar gyzyklandyranok ýolbaşçylary, hem pagta gitmelimi - gitmeli! Bolmasa-da, şol bermeli 10 manadyňy beräýmeli.

Azatlyk Radiosy: Şular ýaly pagta ýygymyna mejbury ugradylmagyna halk nähili garaýar? Ynha, şu edara-kärhananyň işgärleriniň özleri şuňa nähili garaýarlar?

Sülgün: Bärde işgärler sesini çykarman gezip ýörler-dä.

Azatlyk Radiosy: Mysal üçin, şular ýaly ýagdaýlara çydaman, işden arza berip çykýan, işini taşlaýan tapylýarmy?

Sülgün: Aý, ýok. Nätsin, her kim şoňa görä bolup gezip ýör. Gidýär-gelýär, nätsin? Ýok, edil ony edýän-ä ýok, iş taşlap, zat edip. Sebäbi her kim güni üçin gitmeli, etmeli, näme etsin?

Azatlyk Radiosy: Prezidentiň adyna ýa mejlisiň adyna halk bolup, köpçülik bolup bir arza-şikaýat edilenokmy?

Sülgün: Arza-şikaýat edilýändir, ýöne edil ýüze çykýan däldir ýa-da çekinýändirler. Ýöne çekinýär halk, halk, hakykatdanam, çekinýär. Ýöne gorkýaram. Arza-şikaýat eden ýagdaýyňda derrew yzarlap, seni işden boşadýarlar. Onsoň halk çekinýär.

Azatlyk Radiosy: Indi şu pagta ýygmaga ähli edara-kärhanalaryň işgärlerini mejbur edýärlermi ýa-da belli-belli edara-kärhanalaryň işgärleri borçly edilýärmi?

Sülgün: Edil şu ýyla ähli edaralar diýen ýaly borçlandyryldy. Edil şu ýyla, ynha, institut-zatlaram, bizdäki Energetika institutymyzyň tehniki işgärleri gitdiler şu ýyla. Şu ýyla gidildi. Çagalar bagynyň terbiýeçileri gitdi. Onsoň, ynha, bolnisalardaky şepagat uýalaram gitdiler. Gidäýmeli. Mekdeplerde-de tehniki işgärler gidýändir, ýöne okuwçylara, mugallymlara azar berlenok. Ýöne tehniki işgärler gitdi. Mekdep işgärleri ep-esli wagt bäri pagta ýygymyna gidenok. Şolara galdy näme bolsa-da.
XS
SM
MD
LG