Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tagtabazarda arakhorluk


Arakhorluk (illustrasion surat).
Arakhorluk (illustrasion surat).
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç daýhan birleşiginde ýaşaýan uzyn boýly, 30 ýaşlaryndaky Şatlyk gurluşyk firmasynda işleýär, ýöne ol ep-esli wagtdan bäri işe gidip bilenok. Sebäbi ol bir hepde mundan öň Tagtabazar şäherçesinde ýerleşýän keselhanadan çykdy. Onuň keselhanada ýatmagynyň sebäbi haýsydyr bir hassalyk däl. Içgili adamyň eden hüjümi netijesinde ol döşüne operasiýa geçirdi.

“Goňşymyzyň öýünden kömege çagyrýan sesi eşidip, ylgap bardym. Görsem, içgili goňşym ýedi aýlyk göwreli aýalyny bir künjekde ýenjip dur. Ara girdim, goňşym köşeşen ýaly boldy, ýöne soň gidip barýarkam, ol aragyň badyna duýdansyz üstüme topuldy. Ala-hasyrdynyň içinde döşüme goýun gyrkylýan gaýçy bilen urlanyny duýmandyryn, öýüme ýetmänkäm özümden gitdim” diýip, Şatlyk gürrüň berýär.

Şatlygyň başyna gelen zat arakhorluk bilen bagly soňky döwürlerde etrapda bolan birinji ýa soňky waka däl. Şol wakadan 3-4 gün soň hem Baýraç daýhan birleşiginde bolan toýlaryň birinde içgili ýaşlar üýşüp, biriniň daşyna geçip, ony ýenjipdirler. Ellerinden zordan gaçyp gutulyp, öýüne gizlenen oglanyň yzyndan baryp, serhoş kelle bilen onuň ejesine çenli haýbat atandyklaryny obanyň adamlary gürrüň berýärler.

Iki ýyl mundan ozal hem Tagtabazar şäherçesinde “Mollanepes” diýlip tanalýan ýerde bir ýaşulynyň öz “çüýşe dosty” tarapyndan öldürilendigi entek her kimiň ýadynda. Içgili iki dostuň sözleri alyşman, uruşmaklary netijesinde arak olaryň biriniň ölümine sebäp boldy.

Tagtabazar etrabynda bir çüýşe arzan aragyň bahasy dollar hasaby bilen aýdylanda 1-1.5$-a barabar, iň gymmady bolsa 7$-dan geçýär. Işsiz adamlaryň ençemesi araga pul tapmasalar hem, ony dükanlardan ýazdyryp alýarlar. Tapan pullaryny bolsa, maşgalalaryna sarp etmän, dükanlardan alan karzlaryna geçirýärler. Muny dükanda işleýän satyjylaryň özleri tassyklaýarlar.

Häzir Tagtabazarda aragyň köp içilýän ýerleriniň biri hem toýçulyklar we şagalaňly üýşmeleňlerdir. Çüýşe kabul edýänçi Serdaryň aýtmagyna görä, ol her aýda 80 müň çüýşe kabul edýär, onuň 50 müňüsini bolsa Mary şäherine satmana ugradýar. “Esasan hem arak toýçulykda ýa-da ýaşlar harby gulluga gidýän bolsalar köp içilýär, şondan soň köp çüýşe tabşyrýarlar” diýip, Serdar gürrüň berýär.

Ýerli ýaşulylar alkogol içgileriniň toýçulyklarda ýaýradylmagyna garşy çykýarlar. Şeýle ýaşulylaryň biri hem Tagtabazarda ýaşaýan Kerim aga. “Arak bir bela boldy, toýa gelýänlerem kesekiler däl. Toýuň başynda gara-gadyr hyzmat edip ýören ýaşlar, toýuň soňunda üstüňe topulyberýärler” diýip, Kerim aga gürrüň berýär.

Aşa köp arak içýän adamlaryň maşgalalarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, olar şuňa meňzeş wakalary öýüň daşyna çykarmajak bolýarlar. Şol sebäpden hem, olar maşgalada dawa ýüze çykanda polisiýanyň ýerli wekillerini çagyrmaýarlar. Maşgaladaky zorluklar köplenç dört diwaryň arasynda galýar. Käbir maşgalalarda her gün diýen ýaly goh-galmagalyň bolmagyna goňşy-golamlar hem öwrenişipdir.

Şeýle ýagdaýlardan polisiýanyň ýerli wekilleri hem bihabar däl, ýöne gelip alyp gitseňem, soň garyndaşlarynyň özleri gelip, olary goýbermegi haýyş edýändiklerini polisiýanyň ýerli wekilleriniň biri gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, adamlar polisiýany, köplenç halatda, “ahyrynda özara düşünişip bilmeseler” çagyrýarlar.

Soňky ýyllarda hökümet tarapyndan nas, temmäki we neşe serişdelerine garşy iş alnyp barylýar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işiň netijesini halk hem goldaýar. Ýöne welin, Tagtabazarda arakhorluk bilen bagly bolýan wakalar, maşgalalardaky zorluklar, üýşmeleňlerdäki dawalar täze aladalary döredýär. Adamlar bu ugurda nähilidir bir oňaýly çözgüdiň, ýaş çäklendirmesiniň, administratiw düzgünleriň kabul edilmegine garaşýarlar.
XS
SM
MD
LG