Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Ermenistana sapara barýar


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapary bilen Ermenistana barýar.

Türkmen lideri Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan, şeýle hem ýurduň beýleki ýokary derejeli resmileri bilen gepleşikler geçirer.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, söwda we energiýa boýunça hyzmatdaşlyk we bu ugurlar boýunça ylalaşyklara gol goýmak gepleşikleriň gün tertibinde durýar.

Ermenistana elektrik toguny satmak baradaky mesele gepleşiklerde garaljak esasy meseleleriň biri diýlip çaklanylýar.

Türkmenistandan Eýranyň elektro-sistemasynyň üsti bilen Ermenistana elektrik toguny eksport etmek ideýasy 2010-njy ýylda teklip edilipdi.
XS
SM
MD
LG