Sepleriň elýeterliligi

HAEG Eýranyň ýadro programmasyny maslahat edýär


BMG-niň Atom energiýasy gullugy penşenbe güni Wenada Eýranyň ýadro programmasy boýunça maslahat geçirýär.

Bu maslahat geçirilmezinden ozal ýakynda Halkara Atom Energiýasy boýunça guramasy Eýranyň ýadro programmasy boýunça nobatdaky hasabatyny taýýarlady. Şol hasabatda ýakyn geljekde Eýranyň ýerastynda ýerleşýän Fordow desgasynda has köp mukdarda urany baýlaşdyrýan sentrifugalaryň işe girizilip bilinjekdigi aýdylýar.

Çarşenbe güni Eýranyň ýadro boýunça ýokary derejeli resmisi Eýranyň urany baýlaşdyrmak işini “has çalt depginde” alyp barjakdygyny aýtdy.

Fereýdun Abbasi-Dawaniniň aýtmagyna görä, BMG-niň we Günbataryň ykdysady sanksiýalaryna garamazdan, Eýranyň ýadro boýunça işleri öňe gidýär.

Abbasi-Dawani ýangyjyň näderejede baýlaşdyrylandygyny anyklamady. Ol ýadro ýaragy üçin plutonium işläp çykarmaga ukyby bolan Arak barlag reaktorynda işiň bellenen tertip boýunça alnyp barylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG