Sepleriň elýeterliligi

BMG Palestinanyň durumy boýunça ses berýär


Penşenbe güni BMG-nyň Baş Assambleýasy Palestinanyň durumyny “synçy-döwlet” derjesine galdyrmak boýunça ses berişlik geçirýär. Mundan ozal Palestina BMG-de “synçy-subýekt” hökmünde çykyş edýärdi.

Palestinanyň durumyny galdyrmak baradaky rezolýusiýa kabul edilen ýagdaýynda ony döwlet hökmünde gytaklaýyn ykrar etmek bolýar.

Birnäçe döwletler bu mesele boýunça eýýäm garaýyşlaryny yglan etdiler. ABŞ we Ysraýyl muňa garşy durýarlar. Birnäçe Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda Orsýet bilen Hytaýyň rezolýusiýany goldap çykyş etmeklerine garaşylýar.

“Synçy-döwlet” durumyny alan ýagdaýynda Palestina Halkara Jenaýat suduna ýüz tutmaga hukuk gazanýar.

Geçen ýyl Palestina awtonomiýasy BMG-niň doly agzasy bolmak barada arza bilen ýüz tutupdy. Bu Baş Assambleýada makullanypdy, ýöne Howpsuzlyk geňeşinde saklanypdy.
XS
SM
MD
LG