Sepleriň elýeterliligi

R.Melniçenko: “Türkmen prezidentiniň kitaby gowy kitap”


Aşgabatda geçirilýän kitap sergilerinde türkmen prezidentiniň kitaplaryna uly orun berilýär. Aşgabat, sentýabr, 2011.

Aşgabatda geçirilýän kitap sergilerinde türkmen prezidentiniň kitaplaryna uly orun berilýär. Aşgabat, sentýabr, 2011.

27-nji noýabrda Aşgabatda prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň birinji tomunyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Onda Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi Walentin Şewalýow hem çykyş edip, bu kitabyň dünýä ylmyny ösdürmäge uly goşant bolup durýandygyny nygtady.

Eýsem, türkmen prezidentiniň kitabynyň ukrain dilinde neşir edilmeginde Ukrainanyň ilçihanasy nähili rol oýnadyka? Bu mesele barada ukrain ilçihanasynyň tutýan pozisiýasy nähili? Şu we käbir beýleki meseleler barada Azatlyk Radiosy Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Roman Melniçenko bilen ýörite sohbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Melniçenko, prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiri kimler tarapyndan çykaryldy?

R.Melniçenko: Bu iş türkmen we ukrain neşirçileriniň bilelikdäki işi. Türkmen tarapyndan döwlet neşirçileri, ukrain tarapyndanam hususy neşirçiler iş alyp bardylar. Mundan öňem ukrain dilinde Türkmenistanyň prezidentiniň bedew atlary baradaky kitaby we, meniň pikirimçe, onuň ýene iki kitaby çap edilipdi.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň ukrain dilindäki neşiri.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň ukrain dilindäki neşiri.

Azatlyk Radiosy: Bu işe siziň ilçihanaňyzam nähilidir bir goşant goşdumy?

R.Melniçenko: Hawa, biz neşirçilere hertaraplaýyn kömek etdik. Ozaly bilen, bu kitabyň ukrain diline terjime edilmegi üçin resmi rugsat gerek boldy. Bu mesele bilen biziň ilçihanamyz meşgullandy. Biz özümiziň türkmen kärdeşlerimiz, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bu meseläni resmi ýagdaýda ylalaşdyk.

Soňra prosesiň barşynda bu işiň amala aşmagyna-da gatnaşdyk. Ýagny, diplomatik ugurlara degişli meseleleri çözmeklik bilen meşgullandyk. Ýöne biz ilçihananyň ygtyýarlygyna degişli bolmadyk hiç bir hili tehniki işlere ýa-da maliýeleşdirmek işlerine ýa beýleki işlere gatnaşmadyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň kitabyny propogandirlemek işine goşýan şular ýaly goşantlaryňyz üçin siziň ilçihanaňyzy tankytlaýanlar ýokmy?

R.Melniçenko: Bize heniz bular ýaly tankyt bilen ýüzlenenler ýok. Bu mesele bilen bagly ilçihana ýa-da Ukrainanyň Daşary işler ministrligine nähilidir bir negatiw ýüzlenmeleriň bolandygy barada bizde maglumat ýok.

Bu neşir edilen kitap medisina kitaby, onda hiç hili syýasy zat ýok. Eger şeýle aýtmaly bolsa, onda biziň ilçihanamyz ynjyk meseleleriň töweregine barmaýar.

Azatlyk Radiosy: Ozallar, Nyýazowyň döwründe käbir daşary ýurt biznes toparlarynyň oz hususy bähbitleri üçin onuň “Ruhnama” kitabyny neşir edýändikleri aýdylyp, bu ýagdaý tankytlanypdy. Eýsem, prezidentiň kitabyny çap etmek bilen bagly häzirki işleri-de biznes toparlarynyň bähbitleri bilen baglanyşdyryp bolmazmy?

R.Melniçenko: Men bu mesele barada resmi garaýyş aýtmaga ýa-da ilçihananyň pikirini aýtmaga ygtyýarly däl. Ýöne men bu kitabyň dünýäniň dokuz diline terjime edilendigini aýdyp biljek. Şol sanda, ol iňlis diline-de, hytaý diline-de, ýewropa dillerine-de terjime edildi.

Zorluklara ýa-da beýleki adamlara garşy çydamsyzlyga ýa-da olaryň hukuklarynyň kemsidilmegine çagyrmaýan islendik bir kitap neşir edilmäge hukuklydyr. Türkmen prezidentiniň bu kitaby bolsa asla peýdaly kitap. Bu ýerde nähilidir bir ýalňyş zady göremok – örän gowy kitap!

Azatlyk Radiosy: Jenap Melniçenko, siz bu kitabyň Ukrainada hususy neşirçiler tarapyndan çap edilendigini aýdýarsyňyz. Eýsem, şol hususy neşirçiler bu işden nähilidir bir bähbit gözleýändir diýip bolmazmy?

R.Melniçenko: Muny siz menden soramaly däl. Men bu barada hiç zat aýdyp biljek däl, sebäbi men bu işiň kimdir-biriniň bähbidinedigini ýa däldigini bilemok. Munuň kimdir-biriniň bähbidinedigini ýa däldigini bu kitabyň neşirçilerinden sorap bolar. Ilçihana nämedir bir zady kommersiýa maksady bilen neşir etmek işi bilen meşgullanmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG