Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde Konstitusiýanyň taslamasy sese goýulýar


Müsüriň täze Konstitusiýasyny ýazýan topar onuň gyssagly taýýar edilen soňky görnüşiniň penşenbe güni giçlik sese goýulmagyna umyt edýär.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, prezident Muhammad Morsi öz ygtyýarlyklaryny giňeldýän permany sebäpli ýüze çykan krizisi böwüsmek üçin taslamanyň kabul edilmegine umyt baglaýar.

Ýöne yslamçylaryň agdaklyk edýän bu toparynyň taslamany ýeterlik derejede maslahata goýman, ony gyssagly sese hödürlemegi ýagdaýy has hem ýitileşdirer diýip, tankytçylar belleýärler.

Geçen hepde Morsiniň konstitusion permany hödürlenenden soň turan protest çykyşlarda iki adam öldürildi we ýüzlerçe adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG