Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň wekili Orsýetde, Gazagystanda hukuk meselelerini galdyrar


Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça täze ýörite wekili Stawros Lambrinidis orsýetli we gazagystanly resmiler bilen duşuşygynda adam hukuklary boýunça meseleleri galdyrmaga söz berdi.

Lambrinidis bu barada Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda aýtdy. Ol özüniň bu wezipä belleneli bäri geçen dört aýyň dowamynda Moskwadaky we Astanadaky kärdeşleri bilen eýýäm baglanyşandygyny we bu ugurda dialogy dowam etdirmäge olara söz berendigini aýtdy.

Ol ýakynda Orsýetde dönüklik barada kabul edilen kanunyň we çäreleriň Hökümetden aýry guramalar (HAG) üçin kynçylyklary döredýänligi sebäpli ÝB-niň alada bildirýändigini belledi.

Lambrinidis kazak oppozisioneri Wladimir Kozlowyň işi boýunça hem meseläni galdyrjakdygyny aýtdy.

Kozlow golaýda 7 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol kazak nebitçileriniň geçen dekabr aýyndaky gozgalaňynda döwleti agdarmaga çagyryş edenlikde aýyplandy.
XS
SM
MD
LG